Tohumyňyz müňlesin!

23 Aprel 2024
481

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda pagta, galla bilen bir hatarda daýhan birleşiklerinde gök, bakja we miweli bagy ösdürip ýetişdirmek boýunça giň mümkinçilikler döredildi.

Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde-de bu işler talaba laýyk amala aşyrylýar. Daýhan birleşigine degişli bolan 1 müň 160 gektar ekin meýdanynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda gowaça, bugdaý bilen bir hatarda, şol meýdanyň 350 gektar ýerine ýeralma ekmek meýilleşdirildi. Meýilleşdirilen meýdanyň 166 gektar ýerine ýeralmanyň Gazagystan döwletinden satyn alnan «Gala» sorty, galan ýerine «Santo» ýerli sortunyň tohumlary agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekildi.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar