Ilkinji gämikler

23 Aprel 2024
447

Şu günler Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadançylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary 1 müň 589 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmegi maksat edinip, oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar.

— Daýhan birleşiginiň ekişe taýýar edilen meýdanlarynda ekiji traktorlaryň we agregatlaryň 6-sy bökdençsiz işledilýär. «Ir eken utar» diýen pähime eýerýän zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileriň irki möhletde ekiş geçiren ýerlerinde ilkinji gämikleriň görnüp, hatar gurap başlamagy «ak altyn» ussatlaryny has-da begendirdi – diýip, daýhan birleşigiň baş agronomy Myrat Uzakbaýew guwanç bilen gürrüň berdi.

Öwez PALTABAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar