Gallaçylar tijenýärler

23 Aprel 2024
541

Balkan welaýatynyň gallaçylary şu oba hojalyk ýylynda yhlasly zähmet çekmek bilen, gallanyň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrmak üçin tutanýerli işleýärler.

Welaýatyň Bereket etrabynyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 17 müň 500 gektar meýdana bugdaý ekip, 28 müň tonna guşgursak dänäni döwlet harmanyna tabşyrmagy borçnama edip aldylar. Etrabyň daýhan hojalyklarynyň irgözinden gören taýýarlyk işleri ekin meýdanlaryndaky bugdaýly ýerleriň gök dona bürenmegine getirdi. Şu günler kärendeçiler dänäniň üçünji suwaryş suwuny tutmak bilen, ikinji dökün bilen gurplandyrmak çärelerini utgaşykly alyp barýarlar. Kuwwatly tehnikalar gyzgalaňly işledilip, ekin meýdanlarynda zähmet gaýnap joşýar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar