HABARLAR

Ýazlary hereket bilen...

Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň: «Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,//Bereketli gelsin tylla güýzüňiz» diýen gyzyla gaplaýmaly hoş niýetli arzuwynyň asyl manysyna dogry düşünýän ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň ähli işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ony gaýtadan işläp, bazarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden, şu ýyl geçen ýylkydan artyk önüm öndürmeli. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaly» diýen pikire uýýarlar. Oba hojalygynda toplanan baý tejribäni ylymda gazanylan täzeliklerdir üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barmagy özlerine baş ýörelge edinen Mary welaýatynyň ussat kärendeçileri möwsümleýin işleriň her birine irgözinden girişýärler. Olar şu ýylyň bugdaý hasylynyň ekişine hem 2023-nji ýylyň güýzünden, irki möhletde girişdiler. Gallaçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän, kesellere durnukly, ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, yzgar, ösüş suwunyň, mineral we organiki dökünleriň, agrotehniki talaplara laýyklykda öz möhletinde b

Ýüpekçiler pellehanada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak piläni bol kemala getirip, bu gün arzyly sepgidi eýelän Lebap welaýatynyň ýüpekçileri uly zähmet ýeňşini gazandylar. Watanyň pile çäjine 1010 tonnadan gowrak ýokary hilli pile goşmagy başaran gaýratly ýüpekçiler beren sözlerinde abraý bilen tapyldylar. Bary-ýogy bir aýdan sähel gowrak wagta çeken ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi örän gyzgalaňly geçdi. Ýüpekçiler möwsümiň ilkinji gününden uly aladalar bilen gurşalyp alyndy. Olara ähli babatda degişli kömek-goldaw berildi. Gurçugyň esasy iýmiti tut ýapraklarynyň ýeterlik bolmagy üçin öňki we täze ekilen tut agaçlarynyň irgözinden düýbi ýumşadylyp, dökünläp suwarmak ýaly işler geçirildi. Aýratyn-da, ekerançylyk meýdanlarynyň gyrasyndaky agaçlara şol ýerlere eýelik edýän kärendeçileriň kömegi bilen gowy ideg edildi. Ine, şeýle aladalaryň, galyberse-de, yzygiderli ýagan ýagyş-ýagmyryň netijesinde, tut agaçlary gowy ýapraklady. Welaýatyň gündogar sebitinde tut ýapraklary has ir ýetişdi. Bu bolsa Kerki, Köýtendag, Halaç etraplarynyň ýüpekçilerine gurçugy irki möhletlerde idedip başlamaga mümkinçilik berdi. Şunuň hasabyna kerkili ýüpekçiler bu baradaky meýilnamasyny welaýatda ilkinji bolup ýerine ýetirip, 85 tonnadan gowrak pile taýýarlady. Goňşularynyň

Bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnalyň!

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bosagada galla oragy möwsümi. Edermen gallaçylaryň ýetişdiren bugdaý hasylyny öz wagtynda ýeke dänesini hem isrip etmän Watan harmanyna tabşyrmak iň möhüm we jogapkärli wezipe. Munuň üçin orujy kombaýnlary sazlap, hasyly daşaýan ulaglary gözden geçirip, abatlap goýmak ýitginiň peselmegine uly täsir edýär. Däne orýan kombaýnlaryň öndürijilikli işlemegini gazanmak üçin wagtlaýyn ýaplary, pelleri we meýdanlaryň daş-töweregini tekizlemeli. Bugdaý hasylynyň doly bişiş döwri başlandan soň, 5 – 6 günüň dowamynda ýygnalyp alynsa, däne ýitgisi az bolýar. Ýygym näçe uzaga çekdirilse, şonça-da ýitgi köpelýär. Köp maglumatlara görä, bugdaý doly bişiş döwründen 15 gün geçenden soň orulsa, hatda dänesi dökülmezek, sypaly berk sortlaryň hem däne ýitgisi azyndan gektarda 2 – 3 sentnere ýetýär. Hasylyň ýitgisi mehaniki, fiziologiki, ýygyjy maşynlar hem-de hasyly daşamak, dänäni ilkinji gezek gaýtadan işlemek bilen bagly ýüze çykýar.

Pileçiler höweslendirildi

Bäherden etrabynda ýüpekçilikdäki häzirki jogapkärli möwsüm guramaçylykly alnyp barylýar. Etrabyň ýüpekçileri 521 guty ýüpek gurçugyny degişli talaplara laýyklykda idetmek arkaly taýýarlanan piläniň ilkinji kilogramlaryny kabul ediş kärhanasyna tabşyryp başladylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde uly zähmet üstünligine beslemegi maksat edinýän etrabyň ýüpekçi kärendeçileri şanly ýylda çig piläniň 19 tonnasyny taýýarlamaga borçlanýarlar. Olaryň şu günlerki çekýän yhlasly zähmeti bu babatda meýilnamalaryna hötde geljekdigine ynamy artdyrýar.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragy möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin etrabyň gallaçylary 30 müň gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirýärler. Däne ekilen meýdanlardan 60 müň 700 tonna bugdaý almagy meýilleşdirýän gallaçylar orak möwsümini guramaçylykly başlap, gysga möhletde tamamlamagy gazanmagy maksat edýärler. Möwsümde däne orujy kombaýnlaryň 63-sini işletmek göz öňüne tutulýar. Kombaýnlary netijeli işletmegi, ýygnalan hasyly kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamagy üpjün etmek barada häzirden etrap häkimliginiň, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, galla kabul ediş kärhanasynyň, beýleki ugurdaş kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýüpekçilik

Ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstümizdäki ýylda işlerimiziň rowaçlyga beslenip, ýurdumyzyň ösüşlere eýe bolmagy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär.

Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Ýüpekçilik

Armalary ýetirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige hem aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri hem bereketli pile hasylyny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezýärler.

Ekine yhlas siňdirilýär

Ak bugdaý etrabynyň “ak altyn” ussatlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda 21 müň 900 gektarda gowaçanyň bol hasylyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu asylly maksat oba zähmetkeşlerini gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag ýaly şu günüň möhüm çärelerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmaga ruhlandyrýar. Häzirki günlerde ýer eýeleriniň, pagtaçy kärendeçileriň her biri gowaçanyň ideginde yhlasly zähmet çekýär. Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynda ekiniň ideg işleri has göwnejaý alnyp barylýar. Ideg işlerinde kämil oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar.

Kümüşsöw piläniň ilkinji tonnalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda oba hojalygynyň ähli ugurlaryny oňyn görkezijilere beslemek hyjuwy bilen işleýän Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri ýokary hilli çig piläni taýýarlamakda hem tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasynda ýüpekçilerden gelip gowuşýan kümüşsöw baýlygyň ilkinji tonnalary olaryň maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar. Ýeri gelende, gökdepeli ýüpekçileriň pile taýýarlamakda baý tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Üstümizdäki şanly ýylda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işiniň tejribeli pileçilere ynanylmagy — üstünlikleriň kepilidir. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenler ýerlerde bolup, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdylar, ýüpekçiler bilen iş üstünde duşuşdylar we özara pikir alyşdylar.