Möwsüme taýýarlykly barylýar

21 Maý 2024
362

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary galla oragy möwsümine ýokary derejedäki taýýarlyklar bilen barýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin etrabyň gallaçylary 30 müň gektar meýdanda guşgursak ak bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirýärler.

Däne ekilen meýdanlardan 60 müň 700 tonna bugdaý almagy meýilleşdirýän gallaçylar orak möwsümini guramaçylykly başlap, gysga möhletde tamamlamagy gazanmagy maksat edýärler. Möwsümde däne orujy kombaýnlaryň 63-sini işletmek göz öňüne tutulýar. Kombaýnlary netijeli işletmegi, ýygnalan hasyly kabul ediş ammarlaryna bökdençsiz daşamagy üpjün etmek barada häzirden etrap häkimliginiň, tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň, galla kabul ediş kärhanasynyň, beýleki ugurdaş kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahatynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Şageldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy.