Ýüpekçilik

16 Maý 2024
909

Armalary ýetirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige hem aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri hem bereketli pile hasylyny taýýarlamakda ussatlyklaryny görkezýärler.