Guzulary saýlap-seçmegiň usullary

14 Maý 2024
454

Azyk önümlerini öndürmekde dowardarçylyk pudagyna uly orun degişlidir. Mallaryň geljekde sagdyn we ýokary önüm bermegi üçin guzulary öz wagtynda seçmegiň hem-de ot-iým bilen ýeterlik üpjün edip, olaryň idegini ýetirmegiň ähmiýeti örän uly. Boýuny-inini alyp, sagat ösen mallar öri meýdan şertlerinde ýaşamaga we ýokary önüm bermäge ukyply bolýarlar.

Hojalykda ýaş guzularyň seçilişi zootehniki talaplara laýyk geçirilse, olardan sürüler döredilse, onda sürülerden önüm almagy dogry guramak hojalygyň has düşewüntli bolmagyny üpjün edýän aýgytlaýjy şertleriň biridir. Şonuň üçin guzularyň seçimi we olardan süri düzmek möwsümine guramaçylykly, ýokary derejede taýýarlanmak zerurdyr.

Çary HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.