Pileçiler yhlaslylyk görkezýär

17 Maý 2024
538

Gökdepe etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli alyp barýarlar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gündelik gelip gowuşýan kümüşsöw gymmatlygyň tonnalary hem şeýle diýmäge esas berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň giňden dabaralandyryljak ýylynda etrabyň pileçileri 657 guty ýüpek gurçugyndan ýokary hilli çig piläniň 24 tonnasyny taýýarlamagy maksat edindiler. Bu asylly maksadyň ýerine düşjekdigine olaryň şu günki iş-aladalaryndan göz ýetirip bolýar. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna ýüpekçilerden gelip gowuşýan pile degişli talaplara laýyklykda kabul edilýär. Bu işde kärhananyň hünärmenleriniň tagallalary öwgä mynasypdyr.

Oguljeren KEÝMIROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň esasy hünärmeni.