Zähmet çekmek — bagta ýetmek
Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemläp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar. Hojalygyň kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlanlaryndan soň, täze hasylyň aladasy bilen boldular. Olar meýdany çöplerden arassalap, sürüm, tekizleşik, tagt suwuny tutmak, geriş çekmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirip, 2021-nji ýylyň ekiş möwsümine irgözinden taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, 1905 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmäge girişdiler. Şu günler hem meýdanda ekiş möwsümi gyzgalaňly d