Arpa ekişi tamamlandy

4 Aprel 2021
1308

Gymmatly ot-iýmlik galla ekini bolan arpany ösdürip ýetişdirmäge S.A.Nyýazow adyndaky etrapda hem uly ähmiýet berilýär.

Şu ýyl etrap boýunça arpany 100 gektar meýdanda ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär. Etrapda arpanyň güýzlük hem-de ýazlyk görnüşleri ýetişdirilýär. Adatça, ýazlyk arpa gyşyň ahyrynda, baharyň başynda ekilende gowy netije berýär.

Gurbangül BAÝRAMKULYÝEWA,
TAP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni.