Gysga boýly miweli baglaryň önümçilik ähmiýeti

4 Aprel 2021
1638

Bagçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolmak bilen, azyk bolçulygynyň berekedini artdyrmakda esasy orunlarda durýar. hormatly Prezidentimiziň çäksiz tagallalary bilen bagçylygy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Oba hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bagçylyk hem köptaraplylygy, şeýle hem özboluşly aýratynlyklary, mysal üçin, toprak görnüşine, düzümine, howa şertlerine talapkärligi, baglary görnüşlerine görä ýerleşdirmek usullary, agrotehnika aýratynlyklary, şeýle hem önümçilik netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bag meýdanlary döredilende, esasan, onuň berjek ykdysady netijeliligi — miweleriniň ýokary hilli, bazarlylygy şol bir wagtda çalt ýetişip, bol hasyl berşi göz öňünde tutulýar.

Gysga boýlulara, esasan, has kelte (has girdenek), kelte (girdenek) we ýarym kelte (ýarym girdenek) boýly daragtlary bolan miweli baglar degişli edilýär. Olaryň boýlary 2 – 4 metr aralygynda bolýar, uzyn boýly baglar bilen deňeşdirilende 2 – 3 metr pesdir. Gysga boýly miweli baglaryň esasy aýratynlyklarynyň biri, olaryň çalt ýetişip, oturdylanyndan 2 – 3 ýyldan soň, bol hasyl berip başlamagydyr. 3х3 metr çyzgyda (1-nji san hatararasy, 2-nji san ösümlikleriň arasy) ýerleşdirilen girdenek boýly alma baglary eýýäm üçünji ýyl gektardan 52 – 82 sentnerden, 2,5х1 metr çyzgy bilen gür oturdylan baglar bolsa, 136 sentnerden hasyl berip başlaýar. Topragy güýçli, ýerasty şor suwlary has aşakda, ýagny, 3 – 4 metr çuňlukda ýerleşen meýdanlarda döredilen girdenek baglary uzak ýyllaryň dowamynda ýokary hasyllylygyny saklaýar we kadaly agrotehniki şertlerde, 10 – 12 ýaşlarynda 1 gektardan ýylda 600 – 800 sentnere çenli hasyl bermäge ukyplydyrlar.

Şamyrat AKMYRADOW,
oba hojalyk ylymlarynyň doktory.