2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdiler.