«Altyn bürgüt» dünýä süýjülik paýlaýar

4 Aprel 2021
1086

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda her welaýatyň öz-özüni gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmelidigi baradaky başlangyçlary üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy hem bu işleri durmuşa geçirmäge Lebap welaýatynda ilkinjileriň biri bolup girişdi.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň 8,5 gektarlyk meýdanynda ýerleşen ýyladyşhanalarynyň 14-sinde ýetişdirilýän pomidorlar diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, eýsem, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere hem eksport edilýär. Hasyl ýygymy döwründe ekin meýdanlaryndan öndürilen pomidoryň umumy hasylynyň 85 göterime çenlisi eksporta iberilýär.

Şakir TURAÝEW,
öz habarçymyz.