HABARLAR

Ýüpekçiligiň esasy daýanjy

Şu ýyl welaýatymyzyň ýüpekçileri 1010 tonna piläni öndürmegi maksat edinýärler. Welaýatymyzyň hojalyklarynda eýýäm ýüpek gurçuklarynyň hasyly ýygnalyp başlandy. Ýüpekçilik gadymdan bäri ýöredilýän önümçilikdir. Ýüpek gurçuklaryny idetmegiň esasynda dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan ýüpek öndürilýär. Ýüpekden alynýan önümlere bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem isleg örän ýokarydyr. Biziň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda hem ýokary hilli ýüpek matalarynyň we ýaglyklarynyň onlarça görnüşleri öndürilýär, ýüpek halylary dokalýar. Senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek, umuman, ýüpekçiligi ösdürmek üçin iň möhüm işleriň biri-de tutçulygy ösdürmekdir. Sebäbi ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmiti tut ýapragydyr. Piläniň bol hasylyny we hilini üpjün etmek bolsa ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklaryna köp derejede baglydyr. Welaýatymyzyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin tut daragtlarynyň üsti her ýylda ýetirilip durulýar. Tuduň, aýratyn-da, ýokary hilli ýaprakly görnüşleriniň köpeldilmegine üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda tut agaçlarynyň tutýan meýdany onlarça müň gektardan geçýär.

Rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygy hem düýpli özgerişliklere beslenýär. 2017-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda», «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» we «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi oba hojalyk pudagynda önümçilik gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegine, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilik berdi. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen, Lebap welaýaty boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda» 2018-nji ýylyň 12-nji oktýabryndaky Karary esasynda 28144, 2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynd

Görelde görkezýär

Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jopgapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler. Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Annagül Annaýewa indi 20 ýyl bäri ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip gelýär. Ol bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, her ýyl hem bol pile hasylyny ýetişdirýär.

Pileçiler höweslendirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mähriban halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet ýeňişlerini, belent sepgitleri gazanmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekmäge döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň her bir işde oňat netijeleri gazanmagyna ýardam berýär. Milli Liderimiz oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine, bol pile hasylynyň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmengala etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri döwletimize pile hasylyny tabşyryp başladylar. Etrap boýunça ýüpekçiler 1169 guty ýüpek gurçugyna ideg edip, bereketli pile hasylyny ýetişdirdiler.

Möwsüme taýýarlykly barylýar

Babadaýhan etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir zähmet topary bosagada duran galla oragyna ykjam taýýarlyklar bilen barýar. Barha golaýlaşyp gelýän jogapkärli möwsüm üçin kärhana degişli kuwwatly däne orujy kombaýnlaryň 87-si taýýarlyk hatarynda goýuldy. Şol däne orujy tehnikalaryň 36-sy «John Deere», 51-si bolsa «CLAAS» kysymly kombaýnlardyr. Orak möwsüminde kombaýnlara iki çalşykda erk etmek üçin tejribeli mehanizatorlaryň 170-den gowragy çekildi. Häzirki günlerde möwsümde zähmet çekjek mehanizatorlar bilen birlikde tehnikalara hyzmat etjek mehanikler, ussalar we kebşirleýjiler bilen orak geçiriljek meýdanlarda we onuň töwereklerinde ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň, tehniki we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti barada düşündiriş işleri geçirilýär. Galla oragynyň ilkinji günlerinden kombaýnlaryň bökdençsiz we netijeli işlemegini üpjün etmek maksady bilen ýörite toparlar döredildi.

Ýüpekçileriň yhlasy

Milli Liderimiziň ýurdumyzda piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we dokma senagaty üçin zerur bolan piläni öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alýan Bäherden etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri bu babatda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Ýüpek gurçuklarynyň köpçülikleýin idedilýän häzirki günlerinde etrabyň ýüpekçi kärendeçileriniň çekýän yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýüpek gurçugyny idetmek işi bu ugurda baý tejribesi bolan kärendeçilere ynanyldy, möwsüm üçin gerek bolan jaýlaryň meýdany irgözinden kesgitlenildi hem-de şol jaýlaryň kada laýyk bolmagy gazanyldy. Bu bolsa, ýüpek gurçuklarynyň idedilýän häzirki günlerinde özüniň oňyn netijesini berýär.

Üstünlik yhlasa bagly

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde 2021-nji ýylda ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 100 tonna pile öndürilmelidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda hem degişli möçberde ýüpek gurçugy tejribeli ýüpekçilere we isleg bildirýänlere idetmäge berildi. Degişli hünärmenler gurçuklaryň idediljek jaýlaryny gözden geçirip, arassaçylyk işleriniň berjaý edilişine, jaýlaryň ýylylyk, çyglylyk derejeleriniň ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edýärler. Çünki jaýlaryň ýylylygynyň, çyglylygynyň belli bir kadada saklanmagy olaryň ösüşine oňyn täsir edýär. Gije-gündiziň dowamynda 8 — 10 gezek iýmitlendirilýän gurçuklar ýüpekçilerden irginsizligi, çalasynlygy, arassaçyllygy talap edýär. Gurçuklar bäşinji ukusynda mahaly, şeýle-de olaryň pile saramaga girişen wagty jaýyň içini has köp ýelejiretmeli. Ýagtylyk kadaly bolmaly. Pile doly saraýan mahaly bolsa, jaýyň içini biraz garaňky saklamak maslahat berilýär.

Oba hojalygy: azyk garaşsyzlygynyň mizemez binýady

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzda hem oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, tarp ýerleri özleşdirmekde, ekinleriň idegi döwründe hem-de hasyl ýygymynda innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda uly ösüşlere eýe bolundy. Welaýatda geçen 30 ýylyň dowamynda pagtaçylyk, gallaçylyk, tohumçylyk, maldarçylyk pudaklaryny rowaçlandyrmakda, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmekde amala aşyrylan işleri seriňde aýlanyňda, bu babatda taryhy ähmiýetli möhüm ädimleriň ädilendigine doly göz ýetirmek bolýar. Aýratyn hem, welaýatyň toprak we howa şertlerine laýyk gelýän oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän tohumlarynyň täzeden-täze görnüşlerini döretmekde alymlarymyz tarapyndan bitirilen işler buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle gözlegli işler welaýatymyzyň ekerançy alymlary üçin hem häsiýetlidir. Bu işlere welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşýandygyny buýsanç bilen bellemek bolar. Bilşimiz ýaly, welaýatymyz ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýär. Häzirki döwürde welaýatymyz şäherleriň ikisini, etraplaryň bolsa dokuzysyny özü

Idegi ýetirilýär

Baýramaly etraby oba hojalygyna täzeçe iş usullaryny ornaşdyrmakda welaýatymyz boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan hojalyklaryna ýerler hususyýetçilige berilýär. Şolaryň biri hem tejribeli oba hojalykçy Geldimyrat Amanow tarapyndan guramaçylykly ýolbaşçylyk edilýän “Halatly mekan” atly daýhan hojalygydyr. Bu iş usulynda zähmet çekýän adamlar oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almakda geçen oba hojalyk ýylynda-da abraýly netijeleri gazandylar. Bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýeterlik iş tejribeleri bolan ýer eýeleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 231, 5 gektar meýdanda ak ekiniň rysgal-döwletli hasylyny ýetişdirip, döwlete tabşyrmak ugrunda tutanýerli işleýärler. Daýhan hojalygynyň gallaçylyk baradaky hünärmeni Asker Dosmämmedow bugdaýa ideg edijileriň ýakyn maslahatçysy. Ol hemişe ekerançylyk ýerinde bolup, bugdaýa ýerli we himiki dökünleriň wagtly-wagtynda berilmegini, oňa suwuň kadaly tutulmagyny üpjün edýär. Gallaçylykda yhlasly işleýän adamlara goldaw berýär. Şeýle bolansoň daýhan hojalygynyň ýerlerinde ak ekinleriň bereketli baýlyk toplamagy gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş baryny aýdýan adamlar şu ýyl hem abraýyň eýeleri bolarlar.

Ýüpekçilik

Tagalla edlýär Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Baýramaly etraby boýunça 47 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Her bir gurçuk idedýän kärendeçi bu möwsüme öňünden taýýarlyk görýär. Gurçuklaryň idediljek jaýlarynyň arassalygy, ýylylyk derejesi babatynda öňünden alada edilýär. Kärendeçiler ýüpek gurçuklaryny talaba laýyk idedip, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin irginsiz zähmet çekýärler.