Milli Liderimiziň ýurdumyzda piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we dokma senagaty üçin zerur bolan piläni öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alýan Bäherden etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri bu babatda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Ýüpek gurçuklarynyň köpçülikleýin idedilýän häzirki günlerinde etrabyň ýüpekçi kärendeçileriniň çekýän yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýüpek gurçugyny idetmek işi bu ugurda baý tejribesi bolan kärendeçilere ynanyldy, möwsüm üçin gerek bolan jaýlaryň meýdany irgözinden kesgitlenildi hem-de şol jaýlaryň kada laýyk bolmagy gazanyldy. Bu bolsa, ýüpek gurçuklarynyň idedilýän häzirki günlerinde özüniň oňyn netijesini berýär.