Ýüpekçilik

3 Maý 2021
1618

Tagalla edlýär

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Baýramaly etraby boýunça 47 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Her bir gurçuk idedýän kärendeçi bu möwsüme öňünden taýýarlyk görýär. Gurçuklaryň idediljek jaýlarynyň arassalygy, ýylylyk derejesi babatynda öňünden alada edilýär. Kärendeçiler ýüpek gurçuklaryny talaba laýyk idedip, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin irginsiz zähmet çekýärler.