Baýramaly etraby oba hojalygyna täzeçe iş usullaryny ornaşdyrmakda welaýatymyz boýunça öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Indi birnäçe ýyldan bäri daýhan hojalyklaryna ýerler hususyýetçilige berilýär. Şolaryň biri hem tejribeli oba hojalykçy Geldimyrat Amanow tarapyndan guramaçylykly ýolbaşçylyk edilýän “Halatly mekan” atly daýhan hojalygydyr. Bu iş usulynda zähmet çekýän adamlar oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl almakda geçen oba hojalyk ýylynda-da abraýly netijeleri gazandylar.
Bugdaýdyr pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýeterlik iş tejribeleri bolan ýer eýeleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 231, 5 gektar meýdanda ak ekiniň rysgal-döwletli hasylyny ýetişdirip, döwlete tabşyrmak ugrunda tutanýerli işleýärler. Daýhan hojalygynyň gallaçylyk baradaky hünärmeni Asker Dosmämmedow bugdaýa ideg edijileriň ýakyn maslahatçysy. Ol hemişe ekerançylyk ýerinde bolup, bugdaýa ýerli we himiki dökünleriň wagtly-wagtynda berilmegini, oňa suwuň kadaly tutulmagyny üpjün edýär. Gallaçylykda yhlasly işleýän adamlara goldaw berýär. Şeýle bolansoň daýhan hojalygynyň ýerlerinde ak ekinleriň bereketli baýlyk toplamagy gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş baryny aýdýan adamlar şu ýyl hem abraýyň eýeleri bolarlar.