Şu günler ýüpekçi kärendeçiler jopgapkärli möwsümi başdan geçirýärler. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdyly bolan ýüpek gurçugynyň idegini ýetirýärler. Ýüpekçiler bol pile hasylyny almak üçin bu möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelýärler.
Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Annagül Annaýewa indi 20 ýyl bäri ýüpek gurçugynyň idegini ýetirip gelýär. Ol bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, her ýyl hem bol pile hasylyny ýetişdirýär.