Mähribanlyk bossany
Ata Watan, ene toprak ynsanyň durmuşynda iň eziz mukaddeslik hasaplanýar. Ynsan ýüregine ýakyn bu mukaddeslik adam ömrüniň ilkinji sallançagy bolan maşgaladan başlanýar. Maşgala gymmatynyň näderejede mukaddesligine, ezizligine adam wagtyň geçmegi bilen has-da çuňňur düşünip başlaýar. Bagtly bolmagam, megerem, maşgala abadançylygynda, agzybirliginde, berkligindedir. Biz maşgalamyzdan tapýan bagtyýarlygymyzy başga hiç bir ýerden tapmarys. Maşgalada toý bolanda ýa-da begençli waka bolanda, şol gün Günüň dogşy hem üýtgeşik, ýakymly, lezzetli bolýar. Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar. Maşgala hem kiçijik döwlet. Onuň hem özboluşly däp-dessurlary, kada-kanunlary, berjaý etmeli hökmany dessurlary bar. Bularyň ählisinde hem birmeňzeş mähribanlyk, ýylylyk, ezizlik, tämizlik bar. Şol sazlaşygyň gujagynda agaýana ýaýnap, şonuň aladasy bilen ýaşaýan ynsanyň kalbynda hiç hili ýaramazlyga orun bolmaz. Şol jadylaýjy mähriň nuruna ýagtylanan, ýylysyna çoýunan ömrüň manysy başgaça, hümmeti uly bolýar. Türkmençilikde ene, zenan, gelin, gyz sözleri bilen bilelikde köplenç maşgala sözi aýdylýar. Maşgala baş gala bolsa, perzentler şol galanyň, döwletli törüniň bezegidir. Maşgalasynyň abraýyny gorap, ony abat, abadan saklamagyň aladasy bilen ýaşaýan, sagdyn ruhly, sagdyn b