Ene hüwdüsi

12 Aprel 2021
1985

Ene hüwdüsi... Bu halk döredijiliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Bu asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesle geçip gelýän kämil eserdir. Ene hüwdüsinde düşündirip bolmaýan jadylaýjy sungat, täsin ýakym bar. Eýsem, hiç zada düşünmän aglaýan bäbejigi rahatlandyryp, uka gidirýän hüwdi dälmi? Çagasyny huwwalap, hüwdi aýtmadyk ene öň hem ýokdy, häzirem ýok.

Şu ýerde, men çagalykdan hakydamda galan we häzirem uly höwes bilen aýdylýan ene hüwdüsini ýatlasym gelýär.