Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ynsanyň çagalykdaky arzuwy ulalmak, «ulalmak» hem «oňalmak» diýen manyda aňyňa ornaýar. Wagtyň mizanynda «ulalmak» düşünjesiniň düýp maksady — «gowy adam» bolmak islegini aňladýar. Çagalykdaky şu arzuw ata-enäniň perzendine mähirli, pähimli gatnaşygynyň esasynda has-da owadan bolýar. Ulalmak islegi diňe bir uly adamlara mahsus işleri berjaý etmek däl, eýsem, adamlaryň ykbalyna biparh garamazlyk, ýagşylyk edip göwnüň açylmagy ýaly isleg-arzuwlar bilen kämilleşýär. Şonda hem perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr. Çünki ol suw näçe arassa hem-de kadaly mukdarda bolsa, daragt gününi sanap ösýär hem gözüňi dokundyrýar».
Şu jümleleri gaýta-gaýta okap, aňymda aýladygymça-da çagalyk ýyllarym biygtyýar kerwen gurap, göz öňümde janlanýar. Käbäm ejem janyň sekiz çagany dünýä inderip, ile-güne ýaraýan adamlar edip kemala getirişine haýran galýaryn hem-de buýsanýaryn. Ejem şunça çagany kemala getirmek üçin eneke tutunmady, enemlerdir gelnejelerim hem bizden daşrakda ýaşaýandyklary üçin, olar hem ejeme ýardamçy bolup bilmediler. Ejem munuň üçin aljyramady. Säher bilen turanyňdan soň, ýatan ýeriňi ýygnap, saçlaryňa timar bermek, daşary çykyp, irdenki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip, eliňi-ýüzüňi ýuwmak, ondan soň saçak başyna geçmek — bu biziň üçin ilkinji berjaý edilmeli düzgünlerdi. Ejeňdir kakaň bilen salamlaşyp, «Sag-aman örüşdiňizmi?» diýip, olaryň halyny soramak bolsa tertip-düzgüniň naýbaşy. Maşgala bolup, saçagyň başyna geçilende, ortada goýlan nygmatlara el uzatmak ululara goýulýan hormat hökmünde ilki kakaňdyr ejeňden başlanmaly. Saçagyň başynda köp geplemeli däl, gürrüňler nahardan soň lezzetli çaýyň başynda edilmeli. Iýip bolduňmy, ýagşy dilegler edip, eliňi ýüzüňe sylmaly. Soňra ýene-de eliňi ýuwmaly. Ynha, ene-atanyň görüm-göreldesinden gözbaş alyp gaýdýan bu hereketleriň ählisinde türkmen milliligine mahsus bolan sagdyn ruh, berk beden, edep-ekram, terbiýe jemlenendi. Şeýdibem, aňymyz bekäp, kemala geldik. Indi-indiler görüp otursak, asyl, ene-atamyzyň sözsüz hereketleri biziň aňymyza görelde mekdebi bolup siňýän eken-ä. Biz olardan juda köp zatlary, ilki bilen, öýdedir köpçülikde özüňi edepli, terbiýeli alyp barmak, hojalyk işlerini ýerine ýetirmek, arassaçylygy berjaý etmek ýaly gündelik berjaý edilmeli tertip-düzgüniň kindiwanja syrlaryny gyzylyň gyryndysy saýyp, susup alypdyrys. Şol endikler durmuş atly ümmülmez ummanda ýüzmäge hemaýat berdi, ýollarymyza nurly çyrag bolup ýagty çaýdy, kalplarymyzy enäniň ýyly mährine çoýdy. Ene mähri bilen ýagşyny-ýamany saýgardyk, töwerek-daşymyzy gurşaýan tebigaty söýmegi öwrendik. Ulaldygymyzça ümzügimizi gowy adam bolmaklyga, ýagny ýardam isleýänlere kömek etmek, ýagşylyk paýlamak ýaly gylyklara tarap tutduk. Köplenç, oba baranyňda goňşy-golamlar bilen duşuşanyňda: «Ýadyňdamy, oglum ýaramanda, sen ökde lukman getirip, onuň derdinden saplanmagyna kömek edipdiň. Soň-soňlaram bu barada maşgalamyzda gürrüň bolardy. Oglum şol wagtlar kiçirägem bolsa seniň ýagşylygyňy unutmady, ol hemişe: «Meniň halasgärim diýip, seni ýatlaýar» diýýänleri bar. Bu göräýmäge, bir kindiwanja waka ýaly, emma zerur bolnanda edilen kömek ömürboýy ýatdan çykmaýar. Eje jan, bu häsiýet senden geçen bolmaly. Sebäbi sen hiç wagt töweregiňdäkilere biparh bolmandyň. Belki, bu zatlar durmuş kitabyna sogap bolup ýazylmak bilen, ynsany beýgeldýändir.