Syrly dünýäm — eziz käbäm

25 Aprel 2021
2430

Türkmen maşgalasynda ata-enä hormat goýmak däbi giňden ýaýrandyr. Bu ýörelgäniň ruhy mirasymyzyň nesil terbiýesinde oňyn netije berýändigini durmuş tejribesinde görmek bolýar. Ene-mamalarymyzyň rowaýatlary, tymsallary, nakyllary ýerlikli gürrüň bermegi maşgaladaky agzybirligi has-da pugtalandyrýar. Şonuň üçin milli terbiýe bilen baglanyşykly «Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip — ene», «Ata-ene üçin eliň aýasynda heýgenek bişirseň-de az», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly nakyllar aýdylýar. Gelniň dilinden aýdylýan nakylda maşgalanyň agzybirligi hakda gaýynata bilen gaýynenä hormat goýlup «Gaýynatam — ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem — gazanym, getirip goýar ýanymda» diýilýär. Birek-birege hormat goýlanda, şol maşgala agzybir, bagtly ýaşaýar. Öý-ojak, maşgala terbiýesi hakda danalarymyz: «Erkek daşdan, aýal içden gazansa, ol öý bitmän galmaz», «Erkek daşdan, aýal içden ýok etse, ol öý ýitmän galmaz» diýýär. Hut şol jähetden-de, ene-mamalarymyz hiç kimden ýüz görmän, her bir zada dogry baha berýär. Agzybirligiň oňat şertleri döredýändigi, şol maşgalanyň abraýynyň artýandygy öwüt-nesihat edilýär.

«Gyz edebiniň il edebidigi» hakynda käbäm bize ýatladyp durýardy. «Bäş barmagyň deň bolmaýşy» ýaly, adamlaryň hem dürli-dürli häsiýetlidigini ýaşlygymyzdan gulagymyza guýýardy. Dünýäniň giň hem geňligini, durmuşda her hili ýagdaýlar gabat geläýende-de, oňa akyl-paýhaslylyk bilen çemeleşmegi düşündirýärdi.

Täzegül TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar