Halkymyz durmuşynda myhman kabul etmeklige ýokary ähmiýet berlip, ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin gapydan gelen adamy taňry myhmany hökmünde garşy almaklyk türkmençilikde däbe öwrülipdir.
Myhman isle, çagyrylyp gelsin, isle-de, çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp, garşylamak gerek. Myhmany garşylan öý eýesi: «Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýer. Gelen kişi bu ýagşy dileglere: «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar.