HABARLAR

Ömrüňiz uzak bolsun, Merjen, Aşgabat!

Asuda, eşretli durmuşda ýaşalýan ýurtda günde baýram, günde toý. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlar toýa ulaşýar. Ýüregi joşgundan möwç alýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günleriniň saba säheri Arşdan: «Buşluk, rysgal-döwletli türkmen topragyna iki sany akja melek inendir» diýen şatlykly habary aldy. Ýyldyrym çaltlygynda daglary, derýalary, sähralary aşan bu habaryň sebäpkärleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazmyradowlaryň we Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen ilkinji perzentleri, ene-atanyň göz guwanjy Merjen bilen Aşgabat. «Çagaly öý bazar» diýlişi ýaly, gujagy ogul bäbekli Selbi Orazmyradowany döwletli ojagynda dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary pişme bişirip, nogul saçyp, şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Akja bäbejigi ýüzlerine sylyp:

Nesil dowamaty

«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il arasynda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym. Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.

Dürüşdeli işdäaçar

Gerekli önümler: 1,5 kg pomidor, 75 g käşir, 200 g gyzyl bulgar burçy, 30 g  düýp sogan, 1—2 sany ajy burç, 4 nahar çemçe ösümlik ýagy, 5 diş sarymsak, 1 nahar çemçe duz, 50 g şeker, 70 g 9 derejeli sirke, tagamyna görä şibit, arpabadyýan.

Gaýratly gallaçy zenan

(Oçerk) ...Säher çagy. Tamdyrdan ýaňyja çykan mele-myssyk çörege meňzäp, ýylgyryp dogan Gün özi deý tyllaýy öwüşginli bugdaý meýdanlaryna nuruny bolluk bilen eçilýär. Bu görnüş özboluşly sazlaşygy döredip, altyn başly bugdaýlary has-da nurana görkezýär. Daş-töwerek bolsa ümsümlik. Diňe, adatdakylar ýaly, säheriň şeýle ajaýyp çagynda perişdeleriň rysgal-bereket paýlaýandygyny buşlaýan bilbilmidir mollatorgaýyň bugdaýly meýdanlaryň daş-töweregindäki baglardan eşidilýän ýakymly owazy bilen säheriň mymyjak şemalyna tolkun atýan altynbaş bugdaýlaryň birenaýy ygşyldysy gulagyňa hoş ýakýar... Şol pursat durşy bilen nuranalyga gark bolan bu bereketli pelleriň gyrasynda elleri gabarçakly, ýüz-gözi ýele-Güne gaýzygan, hortapdan gelen galdaw göwresi bilen gaýratly gadam urýan, tüýs daýhansypat bir bugdaýreňk zenan peýda bolýar. Ol bugdaý peliniň bir gyrasyndan girişine, öz ýüküni göterip bilmeýän ýaly, aşak eglen altyn başlardan birini alagada, ony elleriniň aýasynda owkalap, däneleriniň birki sanysyny dişläp görýär: «...Bişipdir. Kemsiz bişipdir. Tüweleme, dänelerem dok. Indi oraga başlabersegem bolýa...».

Peýnirli dolama

Gerekli önümler: 3 sany lawaş, 100 gram peýnir, 1 sany ýumurtga. Taýýarlanylyşy: Ilki bilen, ýumurtganyň sarysyny agyndan aýyrmaly we peýniri gyrgyçdan geçirmeli. Soňra taýýarlanan peýnir bilen ýumurtganyň sarysyny bir gaba salyp, gowuja garyşdyrmaly. Lawaşymyzy alyp, ony 8 sany üçburçluk şekilindäki böleklere bölmeli. Soňra her lawaş böleginiň inli tarapynyň gyrasynda bir çemçe peýniri keseligine, uzynja şekilde ýerleşdirmeli-de, emaý bilen lawaşy dolamaly. 1-2 aýlawdan soňra lawaşyň gyralaryny içine eplemeli we bişirilende açylmaz ýaly, lawaşyň gyralaryna ýumurtganyň agyny çalmaly. Gyzyp duran ýagly saja seresaplyk bilen lawaşly dolamalaryňyzy atyp, ähli tarapyny deňje gyzartmaly. Gyzaryp bişen dolamalary artykmaç ýagy siňer ýaly, içine kagyz süpürgiç düşelen gaba salmaly. Olary 5-10 minutdan soňra saçak başyna alybermeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Dorogly işdäaçar

Gerekli önümler: 2 sany hyýar, 7-8 sany rediska, 4 nahar çemçesi dogralan arpabadyýan, 400 gram dorog, 4 nahar çemçesi gatyk (gaýmak), islegiňize görä duz. Taýýarlanylyşy: Gök önümleriň hemmesini ýuwup, arassalap, dörtburç şekilde ownujak dogramaly. Soňra olary bir gaba salyp, islegiňize görä duzlap, üstüne dorog bilen gatygy goşup, gowuja garmaly. Taýýar bolan özboluşly tagamly işdäaçary saçaga alyp bilersiňiz.

Maşgala mukaddesligi ojakdan başlanýar

Ojak diýlende ýaş döwürlerimizde boz sähralykdan, çöl ýerlerden getirilip, howlynyň bir çüňküne üýşürilip goýulýan üýşmek sazak göz öňüne gelýär. Onuň sebäbem öýde bir işe güýmenip ýörkäň, ojaga käte bir bölek sazak oklarsyň welin, onuň çoguna jaýyň içi gyzýardy. Onsoň, günuzyn gübürdäp ot ýanan ojaklaryň ýylysyna uzak gije üşemän ýatyp bolýardy. Şonuň üçinem ol döwürler ojak gaty ýoňdy, ol öýsaýyn bardy. Çünki maşgala ojakdan başlanýardy. Täze maşgala öý dikilende-de, ilki bilen, maşgalada rysgal-döwlet bolmagy niýet edilip gurulýan zatlaryň biri ojakdy. Biziň özümizi bilip gulagymyzda galyşyna görä, türkmen öýünde ojak hem tamdyr ýaly mukaddes saýylýar, ol häzirem şeýle. Aradan ep-eslije ýyl geçenem bolsa, ojaga ot ýakyp, onda bişirilýän duz-tagamlardan dadyp göremizsoň, halkymyzyň milli miraslarynyň biri hasaplanýan ojaklar barada bilen-gören zatlarymy aýtmak juda ýakymly. Paýhasly ata-babalarymyz ojagyň dürli-dürli görnüşlerini arkama-arka geçiripdirler. Şondan ugur alybam üstünden ençeme aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen mukaddes ojaklaryň dürli görnüşlerini gurmak ýoň bolupdyr we biziň günlerimize gelip ýetipdir. Obada howlularyň içinden uly toý gazanlaryny atarmak üçin goşa ojaklar gurulýardy. Onuň gapdalynda çaý gaýnatm

Perzent terbiýesinde enäniň orny

Asylly hem örän jogapkärli zähmetlerini ýaş nesillere bagyş edýän, olardan zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer, ösen aň-düşünjeli, kämil şahsyýeti kemala getirmekde irginsiz zähmet çekýän bilim işgärleri okuwçylaryň, talyplaryň ata-eneleri ýa-da hossarlary bilen söhbetdeşlikleri we duşuşyklary yzygiderli guraýarlar. Bilim işgärleri ýaşlary hakyky manysynda terbiýelemekde zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler. Munuň özi ata-ene bilen mugallymyň sazlaşykly iş alyp baryp, çaga bilim-terbiýe bermekde garaşylýan netijeleri almaga işjeň gatnaşýandyklaryny aňladýar. Bilim edarasy öz gezeginde şeýle işleri alyp barsa-da, çagany terbiýelemek körpelikden başlanmalydyr. Şonuň üçin hem çaga dünýä inen gününden başlap, ata-enesi tarapyndan üns bilen gurşalyp alynmalydyr. Täze dünýä inen çaga söýgi-mähre, idege we terbiýä mätäçdir. Ony terbiýelemekde maşgalanyň orny hemme zatdan belentdedir. Çagany jemgyýete uýgunlaşdyrmakda, ösdürip ýetişdirmekde, bilim bermekde, has takygy, kämil ynsan edip ýetişdirmekde maşgala agzalarynyň ählisiniň hem öz orny bar. Bu babatda ata-ene terbiýä aýratyn üns bermelidir. Ata-enäniň göz-guwanjy bolan balasyny terbiýelemäge çuňňur ymtylmagy garaşylýan netijeleri almaga esas bolup biler. Ýöne perzent terbiýelemekde enäniň ö

Perzendi bolşy ýaly kabul etmek

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryň we ylmy işleriň awtory, 91 ýaşly psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam edýäris.

Nesil terbiýesi mukaddesdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy we gülläp ösmegi, ýaşaýyş-durmuş derejämiziň has-da ýokarlanmagy üçin yhlasly, döredijilikli zähmet çekýän halkymyzyň päk zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy, dynç almagy, saglygyny berkitmegi barada yzygiderli aladalar edilýär. Munuň üçin ýurdumyzda, ak şäherimiz Aşgabatda köpugurly mümkinçilikler, ähli şertler döredilendir. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen beýik ösüşlere beslenýän gözel paýtagtymyz Aşgabady görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Ak mermere beslenen beýik-beýik binaly, gür baglary bolan seýilgähli paýtagtymyz gözelligiň dürdänesine öwrüldi. Onuň edebiýatdaky, sungatdaky waspy has belentdir. Ak şäherimiz Aşgabadyň şanyna döredilýän şygyrlar aýdym bolup kalplara dolýar. Ýaş nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýerine ýetirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär» diý