Asuda, eşretli durmuşda ýaşalýan ýurtda günde baýram, günde toý. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem toýlar toýa ulaşýar. Ýüregi joşgundan möwç alýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň dabaraly bellenilen günleriniň saba säheri Arşdan: «Buşluk, rysgal-döwletli türkmen topragyna iki sany akja melek inendir» diýen şatlykly habary aldy. Ýyldyrym çaltlygynda daglary, derýalary, sähralary aşan bu habaryň sebäpkärleri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary Orazmyradowlaryň we Atajykowlaryň maşgalasynda dünýä inen ilkinji perzentleri, ene-atanyň göz guwanjy Merjen bilen Aşgabat.
«Çagaly öý bazar» diýlişi ýaly, gujagy ogul bäbekli Selbi Orazmyradowany döwletli ojagynda dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary, dost-ýarlary pişme bişirip, nogul saçyp, şatlyk-şagalaň bilen garşyladylar. Akja bäbejigi ýüzlerine sylyp: