Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň ähli eýýamlarynda ata-babalarymyz ýaş nesillere gowy gylyk-häsiýetleri, arassa ahlaklylygy we watansöýüjiligi terbiýelemegi örän wajyp iş hasaplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, gowy gylyk-häsiýetli, arassa ahlakly terbiýelenmeklerine uly üns berýär.
Ýaşlaryň terbiýelenmeginde, olaryň häsiýetiniň kemala gelmeginde maşgalanyň täsiri uly bolýar. Şeýle hem uly adamlaryň maslahaty, öwüt-ündewi ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr. Esasan hem ýaşlaryň durmuşda gözleri bilen görenleri has täsirli bolýar, sebäbi alymlaryň aýtmaklaryna görä, adam kabul edýän maglumatlarynyň togsan göterimini göz üsti bilen kabul edýär. Ýaşlary terbiýelemekde ulanylýan usullar we serişdeler döwre görä üýtgäp durýan bolsa-da, aýdylýan sözleri mysalda görkezip terbiýelemek usullary özüniň ähmiýetini ýitirmändir. Muňa mysal edip, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Eşiden deň bolmaz, gören göz bile» diýen sözlerini beýan edip bileris. Görlen maglumatlary adamyň, has-da ýaş nesliň beýnisi has çalt kabul edýär we ýatda galyjylygy uzak bolýar.