Buratinonyň başdan geçirmeleri

14 Iýun 2021
2473

Mähriban çagalar! Siziň ähliňiz «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilmi bilýän bolsaňyz gerek. Indi bu multfilm 60 ýyldan gowrak wagt bäri ýaýlyma berlip gelinýär. Biziň käbirimiz multfilmi «Altyn açar» ady bilen tanaýarys. Multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan, tanymal rus ýazyjysy Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň 1936-njy ýylda çap edilen «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly kitaby esasynda döredildi.

Ýazyjynyň bu eserini italýan ýazyjysy Karlo Kollodiniň «Pinnokionyň başdan geçirmeleri» atly romanyndan ruhlanyp ýazandygy aýdylýar. Buratino Alekseý Nikolaýewiç Tolstoýyň bu meşhur eseriniň başdan aýagyna çenli esasy gahrymany bolup hyzmat edýär. «Buratino» italýan sözi bolup, «agaç gurjagy» diýmegi aňladýar. Dowamlylygy altmyş ýedi minuta barabar bolan «Buratinonyň başdan geçirmeleri» atly multfilm «Soýuzmultfilm» studiýasy tarapyndan 1959-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýaýlyma berildi. Bu bolsa çagalara iň gowy täze ýyl sowgady boldy. Wagtyň geçmegi bilen, multfilm dürli dillere, şol sanda türkmen diline hem terjime edilip, dünýäniň dürli künjeklerinde görkezilýär. Multfilm birnäçe abraýly baýraklara mynasyp boldy. «Buratinonyň başdan geçirmeleri» multfilmi «Soýuzmultfilm» studiýasynyň iň şowly çykan ekran eserleriniň birine öwrüldi.