«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il arasynda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym.
Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.