HABARLAR

Türkmen saçagynyň berekedi

Halkymyzyň özboluşly, baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hem milli tagamlarydyr. Gözbaşyny, döreýiş taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýan, asyrlaryň dowamynda kämilleşen halkymyzyň datly tagamlarynyň beýany hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen çapdan çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda jemlenendir. Okyjylary türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyşynyň özboluşly usullary bilen tanyşdyrýan bu kitap ýaş nesillerimiziň milli mirasymyzy içgin öwrenmekleri üçin hem ähmiýetli orna eýedir.

Körpelere okap beriň!

Düýş Ejesi diýýär:«Ertirlik taýýar.Turaý, Wepa jan, Gün dogdy eýýäm».

Milli tagamlar — milletiň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitaby okyjylarymyzyň iň söýgüli eserleriniň hatarynda durýar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, türkmeniň datly tagamlary taryhyny irki döwürlerden alyp gaýdýar, olar uzak ýyllaryň dowamynda has-da kämilleşdirilip, adamyň sagdynlygyna, iýmit siňdirijiligine, ýokumlylyga, ýakymlylyga, süýjülige gönükdirilendir. Kitap okyjylary diňe bir türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrman, eýsem, onuň taýýarlanyş usullaryny hem has aýdyňlaşdyrýar. Gazetimiziň şu sanynda «Türkmeniň bereketli saçagy» atly kitapdan türkmen tagamlarynyň käbirleri baradaky ýazgylary okyjylarymyza ýetirýäris.

Degişmeler

— Sen surat çekip bilýäňmi? — diýip, myhmançylyga gelen daýzasy Döwranjykdan soraýar. — Hawa.

Edep bilen bagt tapylar

Çaga ýaşlykdan görüm-göreldä eýerýär. Perzendiň edep-terbiýesiniň düýp binýady bolsa terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanylýan maşgaladan gözbaş alýar. Ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzent üçin durmuş mekdebi bolup durýar. Türkmen halky öz perzendiniň edepli, bilimli, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly gylyk-häsiýetleri öwredipdirler. Şol ýörelgeler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da dowam edip gelýär. Edeplilik, adamkärçilik, medeniýetlilik ilki bilen salamdan başlanýar. Edeplilige ahlaklylygyň daşky ýüze çykmasy hökmünde hem düşünmek mümkin. Edeplilik we onuň her bir ynsan üçin näderejede ähmiýetlidigi barada Gündogar akyldarlary hem ajaýyp pikirleri aýdyp geçipdirler. Orta asyrlarda ýaşan Gündogaryň görnükli söz ussatlarynyň biri Jelaleddin Rumy: «Ynsan ogly edepden nesibesini almasa, ynsan däldir. Esasan, ynsan bilen haýwanyň arasyndaky parh hem edepdir» diýip belleýär.

Asyrdan aşan ömür

Ýaşy bir çene baran ene hyk-çoklap ulaga mündi. Soňam özüni dürsäp: — Bi ýaşdan soň ýola çykmagam ýeňil däl welin, onda-da ejemden habar almasam, ýüregim hiç ynjalanok-da — diýip, jaýlaşyp oturansoň aýtdy.

Ene öwüdi (Durmuş pursatlary)

Türkmençilikde gyz maşgalanyň edepli-ekramly, eli işli bolmagy üçin ene-mamalarymyz asylly görelde bolup, olary ýaşlykdan zähmet terbiýesine imrindiripdirler. Mährem enelerimiz gyzlaryny görüm-göreldeli ýetişdirmek bilen, biş-düş taýýarlamak, el işlerini kemsiz öwredipdirler. Dana ata-babalarymyzyň «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini» diýen sözi çagalygymdan bäri gulagymda galypdyr. Bu parasatly sözleri ýatlap, ýaşlyk ýyllaryma dolananymy duýman galýaryn. Ejem aýal doganlaryma we maňa edep-terbiýe, edim-gylym, däp-dessur bilen baglanyşykly maslahatlaryny bermek bilen, hemişe zähmetsöýer bolmalydygymyzy, özümizden ululary sylamalydygymyzy, dogruçyl bolmalydygymyzy ündärdi.

Röwşen geljegiň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda çagalygy goramak, çagalaryň hem-de ýaşlaryň saglygyny, hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy hem durmuş ýeňillikleriniň köptaraplaýyn ulgamy, ygtybarly hukuk kepillikleri döredildi. Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan ýaş raýatlar üçin durmuşda oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere has jogapkärli çemeleşip gelýär. Ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda BMG-niň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, olaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary gyşarnyksyz berjaý edýär.

Ýagşy ene ýagşy gyza görelde

Dana pederlerimiz irki döwürlerden bäri perzent terbiýesine iňňän uly ähmiýet beripdirler. Türkmenlerde maşgala çaga terbiýesiniň ojagy hasaplanylýar. Her bir ata-ene bäbeklik döwründen başlap, çagasynyň terbiýesine ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýär. Perzentleriň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde esasy wezipe maşgalanyň üstüne düşýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ýörite belläp geçýär. Çaga dünýä inenden soň, maşgaladaky uly ýaşly adamlaryň bar aladasy çaga terbiýesi bolýar. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesiniň özboluşly aýratynlygy bardyr. Ol hem ulalandan soň gyza ejesiniň, ogla kakasynyň terbiýe bermegidir. Mysal üçin, ejesi gyzyna tikin-çatyn etmek, haly, palas dokamak, nahar bişirmek, kir ýuwmak ýaly işleri öwredýär. Oglany köplenç kakasy ýa-da babasy terbiýeleýär. Olar oglanlarda mertlik, çydamlylyk, gaýduwsyzlyk, zähmetsöýerlik, birsözlülik ýaly häsiýetleri terbiýeläp, ýaltalyk, kezzaplyk ýaly ýaramaz endikleriň zyýany barada düşünje döredipdirler. Ata-eneler perzentlerinde şeýle asylly sypatlary kemala getirmekde halk döredijiliginiň eserlerinden peýdalanypdyrlar.

Maşgala — terbiýe ojagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň netijesinde, ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala abadançylygynyň sarsmaz binýadyny gurmak, ýaş nesillerimiziň ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýaly derwaýys işleriň her bir maşgaladan başlamalydygy baradaky nesihatlary, maslahatlary esasynda bu babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenlerde maşgala ähli döwürde hem erkek kişi ýolbaşçylyk edipdir. Bütin maşgalanyň jogapkärçiligi onuň üstüne ýüklenipdir. Könelerimiz öý bikesiniň maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini beýgeltmekde, agzybirligini berkitmekde bitirýän işlerine mynasyp baha beripdirler. Şeýle garaýşyň durmuşylygyny ata-babalarymyzyň döreden «Ýagşy aýal ýok zadyňy bar eýlär», «Aýalyň tagtam, bagtam ojak başynda» ýaly pähimli jümleleri tassyklaýar. Maşgala agzybirliginiň binýadynyň esasyny zenan maşgala tutýar.