Olar nädip uzak ýaşadylar?

30 Iýul 2021
1577

Geliň, özlerinden eşideliň!

Olar uzak gürlemeýärler. Çendan-çendan ýylgyrýarlar... ýene-de uzak dymyşlyk. Hakyda ýumagyny yzyna sarap, asyrdan aňyrda galan geçmişine syýahata giderler. Ol ýerde garramaýan çagalygyna, baky juwan ýaşlygyna... düşleg ederler. Günler galňar gider oturar... Ömür saly asyr aşan adamlar bolsa onuň her sekundynda, minudynda Hudaýa bolan şükürlerini tesbi kimin yzly-yzyna birme-bir dile getirer oturarlar. Kädaýymam... «Her bir sözüňiz ýüregimizde teperrik bolsun! Uzak ýaşamagyň syry nämede? Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin maslahatyňyzy beräýiň!» diýen jümleler eşidiler. Az pursat dymarlar-da, şükür bilen söze başlarlar...

Taýýarlan Muhammet BEKGIÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşürenler Aýdo ŞEKEROW, Andreý PAKULOW, Allanur SAPAROW, Şamyrat AMADOW.