Zenan ýüreginiň owazy

25 Iýul 2021
1977

Ol günleri ýatlasam kalbym heýjana geliberýär. Köňül köşgümden setir-setir bolup geçýän gürrüňler zybanyma dolýar. Bu ýöne ýerden däl. Aradan bir menzil geçensoň, kän zadyň gadyry bilinýän ekeni.

Aslymyz bir obadan bolsa-da, biri-birimizi tanamazlygymyz juda bir geň zat däl. Sebäbi ilki bilen-ä, ikimiziň ýaşymyzyň aratapawudy kän. Onsoňam, sen «iş, okuw» diýip, başga bir şäherlere gidip, bize birek-birek bilen duşuşmak miýesser bolmandyr. Ykbalyň oýnuny diýsene! Men saňa durmuş ýoluna rowana bolanymda sataşdym. Görsene, bu bolýan zatlary! Asyl, ikimiz bir mekdepde-de okan ekenik. Ýöne edil uzakda ýaşaýanlar ýaly bolup tanyşdyk, gepimiz-sözümiz alyşdy. Dogry, ilki kän zatlary wada bermek aşyklara mahsus zat. Ýöne sen maňa çakdanaşa öwnüp ýa-da özüňi gowy görkezjek bolup kän zady söz bermediň. Bir zady welin, janyň-teniň bilen aýtdyň. Näme üçindir oňa şol wagt üns bermändirin. Ýöne wagty gelende hemme zat öz-özünden ýerbe-ýer bolup duruberýär. Bu şeýle-de boldy. Söýgi bilen başlanan şol ajaýyp günlerde sen köp zatlary öňünden çözüp goýan ekeniň. Hiç ýadymdan çykmaýar. Bagt toýumyzyň öň ýanlaryndaky bir gün maňa durmuş, onuň çylşyrymly, çarkandakly ýollary, ony geçmegiň hupbatlary hakda aýtdyň. Meni hiç zada hor-zar etmejekdigiňe-de ynandyrdyň. «Şu wagt öňünden aýdýan, ikimiziň ýaşajak jaýymyzy hem özüm galdyrjakdyryn. Saňa özümiň hünärimi görkezip, jaý gurup bererin» diýipdiň. Edil şol pursatda men, hamala durmuşyň bir gyrasyndan äden ýaly boldum. Beýnimde ýyldyrym çaltlygynda ikiýana at çapýan ýaly pikirler bir ýere çugdamlandy-da, seniň işjanly, zähmetsöýer, halal ýigitdigiňi maňa aýan etdi oturyberdi.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.