Ene öwüdi (Durmuş pursatlary)

1 Awgust 2021
1984

Türkmençilikde gyz maşgalanyň edepli-ekramly, eli işli bolmagy üçin ene-mamalarymyz asylly görelde bolup, olary ýaşlykdan zähmet terbiýesine imrindiripdirler. Mährem enelerimiz gyzlaryny görüm-göreldeli ýetişdirmek bilen, biş-düş taýýarlamak, el işlerini kemsiz öwredipdirler.

Dana ata-babalarymyzyň «Enesini gör-de, gyzyny al, gyrasyny gör-de — bizini» diýen sözi çagalygymdan bäri gulagymda galypdyr. Bu parasatly sözleri ýatlap, ýaşlyk ýyllaryma dolananymy duýman galýaryn. Ejem aýal doganlaryma we maňa edep-terbiýe, edim-gylym, däp-dessur bilen baglanyşykly maslahatlaryny bermek bilen, hemişe zähmetsöýer bolmalydygymyzy, özümizden ululary sylamalydygymyzy, dogruçyl bolmalydygymyzy ündärdi.

Gülnabat REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gazna hünärmeni.