Türkmen jemgyýetiniň özeni

25 Iýul 2021
2090

Türkmen jemgyýetiniň özeni bolan maşgalanyň möhüm terbiýeçilik orny bardyr. Ol ýurduň ykdysady ösüşlerine-de oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin-de: «Maşgala kiçijik döwletdir» diýilýär. Agzybir, sagdyn, ruhy taýdan baý, berk maşgalalardan düzülen jemgyýet döwletiň dürs we kämil ýol bilen ösmegine itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda amal edilýän işleriň her biri maşgalanyň abadançylygyna we berkligine gönükdirilendir. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarydyr etraplarynda, oba-şäherlerinde gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, dynç alyş sagaldyş merkezleri, sport desgalary maşgala hakdaky çuňňur aladalardan nyşan.

Selbiniýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.