HABARLAR

Maşgalam — baş galam

Zenan — Zemin görki

Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde zenanlar we çagalar meselesine, olaryň konstitusion ýagdaýyna, eneligiň durmuş taýdan goldanylmagyna we maşgalanyň goralmagyna yzygiderli üns berilýär. Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilen günlerinde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleriň pensiýalarynyň, çaga ideg etmek boýunça döwlet kömek pullarynyň, durmuş kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle hem sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalar girizilse, çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň möçberlerine täzeden seredilse, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylsa, köp çagaly maşgalalaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam etjekdigini beýan etdi.

Tämiz kalplaryň keşdesi

Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan dörän el işleriniň arasynda mynasyp orny bolan keçeler şöhratly taryhymyzdan habar berýän ajaýyp senetdir. Milli mirasymyza Ülker ýyldyzy kimin nur çaýýan bu gymmatlykda zenan kalbynyň owazy ýaňlanýar. Türkmen zenanlarynyň ruhy dünýäsiniň gözelligini açýan bu sungatyň nagyşlarynyň, gülleriniň, alajalarynyň her biri pähim-paýhasa ýugrulan köňül aýdymy bolup jahana dolýar. Şonuň üçin türkmen keçeleriniň dünýäniň medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orny bar. Nepis halylarymyz kimin, keçeler hem irki döwürlerde han-begleriň nazarynda bolupdyr. Owadan nagyşlary, ýumşaklygy hem-de berkligi bilen birlikde, bu senediň saglyga peýdasy onuň gymmatyny beýgeldipdir.

Gözellik terbiýesi

Çaganyň içki dünýäsi, şeýle hem erki, özüni raýat diýip saýmagy ýaly duýgulary maşgalada kemala gelýär. Adam özüniň durmuş ýoluny saýlamakda erkindir, kämillik ýaşyna ýetende, öz raýatlygyny kesgitlemek hukugyna eýedir. Ynsana mahsus bolan bu aýratynlyklar onuň alan terbiýesine esaslanýar. Gepi-sözi ýerinde bolan, gatnaşyklary-hereketleri, edebi, aň-düşünjesi we pikirlenişi taýdan ajaýyp adamy kemala getirmek estetiki terbiýäniň esasy maksady bolup durýar. «Estetika» sözi grekçe «Duýgy, akyl ýetirme» diýen ýaly manylary aňladyp, ol ilkinji gezek nemes filosofy Aleksandr Gotlib Baumgarten (1714 — 1762) tarapyndan ylmy dolanyşyga girizilýär. Ylmyň estetika pudagyna bu ýerde duýgy arkaly akyl ýetirmek ylmy hökmünde garalýar. Nemes filosofy Immanuil Kant (1724 — 1804) «Estetika — duýgy hakyndaky ylym» diýen netijä gelýär. Estetika hakynda başga-da «erkin sungat», «gözellige akyl ýetirmek sungaty», «gözelligi akyl ýetirip syzma» diýen ýaly dürli garaýyşlar dowam edýär.

Güýz ýapraklaryndan şekiljikler

Eziz çagalar, altyn güýzüň gelmegi bilen «ýaşyl donly» agaçlaryň ýapraklary ilki tyllaýy öwüşgin alyp, soňra-da altyn-sary reňke boýalyp, ýere dökülmäge başlaýar. Dökülen ýapraklaryň üýşmekleri bolsa sähel şemala ygşyldaşyp, baglaryň düýbünde ýatandyr. Asmana uçjak-uçjak bolup ýatan sary ýelek ýaly ýapraklaryň içinde owadanlaryny saýlap, ýörite şekiljikleri ýasamaklygyň çagalar üçin aýratyn gyzygy bar.

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Kökejikler Gerekli önümler:

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Öý-ojak, maşgala, nesil terbiýesi mukaddes hasaplanýar. Her bir halkyň Watan, il-gün, maşgala ojagy hakynda özüne mahsus däp-dessury, ýol-ýörelgesi bar. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň Watana, öz maşgala ojagyna bolan sarpasy, söýgüsi has-da belent derejelere eýedir. Halkymyzyň taryhy döwürlerde toplan durmuş tejribesi esasynda milli terbiýeçilik ýörelgesi, medeniýeti, ruhy düşünjesi döräp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halky «Maşgalam — baş galam» diýen pähime uýup, maşgala ojagynyň binýadynyň berk, kämil derejede bolmagyna örän ünsli garaýar. Ata-babalarymyz perzendi döwletlilik hasaplapdyr.

«Ejeň saňa aýtjaklary bar» (hekaýa)

Güýz günleri ahyrlap ýördi. Meýdanlardan hasyl doly ýygnalyp gutarylypdy. Howa-da mazaly sowapdy. Gyş pasly hem indi uzakda däldi, eýýäm haçandan bäri öz hökümini ýöretmäge häzirlenýän ýaly, bosagadan jyklap durdy. Mydama nowbahar oglunyň ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan Annatäç ejäniň bu günki gün oglunyň oba mekdebinde mugallym bolup işläp ýörenine üç ýyl bolupdy. Hemme eneler ýaly, Annatäç eje-de ogluny gözli-başly etmegiň, agtyk söýmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Ýöne ogly Selimiň ata-enesine ýüregini açan, olaryň ýanynda öýlenmek, özbaşdak durmuş gurmak hakda dil ýaran gezegi bolmandy. Bardy-geldi bu barada gepden gep çykaýanda-da, heniz özüniň öýlenmekçi däldigini çürt-kesik aýdýardy. Bu boluş, elbetde, Annatäç ejäni otursa-tursa ynjalykdan gaçyrman durmaýardy. Onsoň uzakly gününi lapykeç halda oturyp, içini gepledip geçirýärdi. Ýaman ýeri, onuň pikirini goldap, adamsam tijeniberenokdy. Ýogsam, aýalynyň goňşynyň bala-çagalaryny dyzynda oturdyp, oýnadyp, käte-käteler aýaklarynda ýatyryp, wagtynyň köpüsini şolara gümra bolup geçirýändigini göre-göre gelýärdi. Onda-da kelam agyz gep goşanokdy.

Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar

Ene mähribanlygy diýen jümläniň aňrysynda ullakan many bar. Ene mähri ynsan göwnüni güneş ýaly ýylylygy, älem kimin giňligi bilen maýyl edýär. Ene mährinde gudrat bar, güýç bar. Mähriban eneleriň ýüreginde joş urýan şol mähir-muhabbet, olara goýulmaly hormat-sarpa hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda çuň mazmunly rowaýatdyr tymsallaryň, dürdäne jümleleriň, parasatly pähimleriň üsti bilen giňden beýan edilýär. Maşgalanyň ruhy daýanjy we mähir çeşmesi bolan eziz enelere bagyşlanan bu kitapdaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen jöwher jümleleri okanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň göwün güzerinden inip, ýürek sesini duýýandygyna we ony dürdäne eserlerinde aýdyň şöhlelendirýändigine doly göz ýetirýärsiň. Mähriban eneleriň maşgala mukaddesligini goramaga gönükdirýän yhlasy, ogul-gyzlaryna berýän edep-terbiýesi her bir türkmen maşgalasynda ýakyn hossarlar bilen birlikde, il-halka, ata Watana, ene topraga goýulýan hormatyň dury çeşmesi bolup durýar. Şulary nazara alyp, biziň ählimiz g

Ýaşlary terbiýelemegiň milli ýörelgeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim, kämil terbiýe almagy üçin eziz Diýarymyzda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş neslimiziň orta mekdepleri tamamlanlarynda durmuşda ukyply, hünärlere taýýarlykly we başarnykly bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa baglylykda, bu günki gün ýaşlar barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyzda kämil düşünjeli, watansöýüji, sagdyn pikirli nesli ýetişdirmek, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalamak iň esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden geçip, biziň günlerimize ýetip gelen terbiýeçilik mekdebi kämilligiň özenidir. Terbiýäniň kämil bolmagy barada aladalanan pähimdar pederlerimiz ýaş nesli edepli edip ýetişdirmegiň nusgalyk mekdebini ýörelge edinipdirler. Olar çagalary terbiýelemegiň ýolunyň göreldede jemlenýändigine düşünipdirler. Maşgalada ilkinji dünýä inen perzent uly söýgi, mähir bilen gurşalyp, soň ýagşy görelde bilen zähmete ugrukdyrylypdyr. Islendik ukyp-başarnyk irginsiz zähmet bilen gazanylýar. Çagalar “Bar, otur, tur, getire” ýarap başlandan olara güýçýeter ýumuşlar tabşyrylyp ugralypdyr. Netijede ö