Maşgala baş gala bolmaly bolsa...

8 Noýabr 2021
1728

Dana halkymyzyň “Maşgalam — baş galam” diýen parasatly pähimi bar. Hakykatdanam, hemmämiziň baş galamyz maşgalamyz. Sebäbi şatlykly günleriň begenjini, durmuşda duş gelýän agyr günleriň gaýgy-gussasyny maşgalamyz bilen deň paýlaşýarys. Aslynda, biz näme üçindir hemişe maşgalamyza howlugýarys. Sebäbi ol ýerde bize şatlygyňam, gaýgy-gamyňam deň paýlaşýan mähriban ynsanlar garaşýar. Ýöne her birimiz üçin şu ýörelge baş ýörelge bolmasa, onda maşgala özüniň baş galalyk ähmiýetini ýitirýär. Maşgalamyzyň baş gala, onda-da mizemez gala bolmalydygy parasatly atalarymyzdan, geçirimliden sabyrly mährem enelerimizden galan mirasdygyny unutmak biz üçin peslik bolar.

Maşgalamyzyň baş galalygynyň mukaddesligi ýanýoldaşymyz, ogul-gelnimiz, gyzymyz ýa-da agtyklarymyz birki günlük myhmançylyga gitseler olary göresimiziň gelýänligindedir. Şu mukaddesligem sabyr-takat bilen her gün we hemişe goramalydyrys. Bu ýagdaý gaýyn bilen gelniň, gelin bilen öýde bar bolsa baldyzyň arasyndaky gatnaşykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Durmuşda maşgalada sylag-sarpaly, mähirli gatnaşyk her birimiziň eýeleýän ornumyza garamazdan, ilki bilen, düşünjeliligimize, geçirimliligimize, sabyrlylygymyza baglydyr. Mysal üçin, gelin özüniň düýnki baldyzdygyny ýadynda saklap, baldyzam ertir özüniň gelneje boljakdygyny unutmasa, maşgalanyň agzybirliginiňem, mäkämliginiňem has berkejekdigine şübhelenmese bolar. Gaýyn bilen gelniň gatnaşygy babatda-da ýagdaý şeýle. Munuň üçin iň soňkyny öňürti diýjek bolman, geçirimli, sabyrly bolmaly. Onsoňam, maşgalada her bir zenan maşgalanyň özüniň wezipesi bolýar. Şol wezipä hötde gelip, beýlekilere-de goldawyňy gaýgyrmasaň maşgalanyň her güni baýramçylyga öwrülmeli.