Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan dörän el işleriniň arasynda mynasyp orny bolan keçeler şöhratly taryhymyzdan habar berýän ajaýyp senetdir. Milli mirasymyza Ülker ýyldyzy kimin nur çaýýan bu gymmatlykda zenan kalbynyň owazy ýaňlanýar. Türkmen zenanlarynyň ruhy dünýäsiniň gözelligini açýan bu sungatyň nagyşlarynyň, gülleriniň, alajalarynyň her biri pähim-paýhasa ýugrulan köňül aýdymy bolup jahana dolýar. Şonuň üçin türkmen keçeleriniň dünýäniň medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orny bar.
Nepis halylarymyz kimin, keçeler hem irki döwürlerde han-begleriň nazarynda bolupdyr. Owadan nagyşlary, ýumşaklygy hem-de berkligi bilen birlikde, bu senediň saglyga peýdasy onuň gymmatyny beýgeldipdir.