Gözellik terbiýesi

23 Noýabr 2021
3602

Çaganyň içki dünýäsi, şeýle hem erki, özüni raýat diýip saýmagy ýaly duýgulary maşgalada kemala gelýär. Adam özüniň durmuş ýoluny saýlamakda erkindir, kämillik ýaşyna ýetende, öz raýatlygyny kesgitlemek hukugyna eýedir. Ynsana mahsus bolan bu aýratynlyklar onuň alan terbiýesine esaslanýar. Gepi-sözi ýerinde bolan, gatnaşyklary-hereketleri, edebi, aň-düşünjesi we pikirlenişi taýdan ajaýyp adamy kemala getirmek estetiki terbiýäniň esasy maksady bolup durýar.

«Estetika» sözi grekçe «Duýgy, akyl ýetirme» diýen ýaly manylary aňladyp, ol ilkinji gezek nemes filosofy Aleksandr Gotlib Baumgarten (1714 — 1762) tarapyndan ylmy dolanyşyga girizilýär. Ylmyň estetika pudagyna bu ýerde duýgy arkaly akyl ýetirmek ylmy hökmünde garalýar. Nemes filosofy Immanuil Kant (1724 — 1804) «Estetika — duýgy hakyndaky ylym» diýen netijä gelýär. Estetika hakynda başga-da «erkin sungat», «gözellige akyl ýetirmek sungaty», «gözelligi akyl ýetirip syzma» diýen ýaly dürli garaýyşlar dowam edýär.

Meretgeldi ATABAÝEW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.