HABARLAR

Ene mukaddesliginiň gadymdan gelýän waspy

Gadymy döwürlerde Gündogaryň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem zenan hudaýyna topragyň, hasyllylygyň, suwuň, öý-ojagyň medetkäri hökmünde togap edilip gelnipdir. Belli taryhçy, etnograf alym Öwez Gündogdyýewiň berýän maglumatyna görä, oturan zenanyň keşbi şekillendirilen iň gadymy heýkeller b.e. öňki VI müňýyllykda, ýagny neolit döwründe ýüze çykypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň arasynda şol wagtdan bäri enäniň keramatlaşdyrylandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär. Gadymy zoorastrizm dininiň mukaddes kitaby bolan «Awestada» Anahita atly zenan hudaýy hasyllylygyň we suwuň hudaýy hökmünde ýatlanylýar. Parfiýa imperiýasynyň ýykylmagy bilen, Türkmenistanyň köp bölegi sasanylar döwletiniň düzümine girýär. Zenan hudaýlarynyň terrokat heýkeljikleriniň köpçülikleýin taýýarlanmasynyň bes edilmegi Sasanylar döwrüne häsiýetlidir. Bu döwürde zenan hudaýlaryna çokunmaklyk belli bir derejede togtaýar. Onuň ýerine otparazçylyk dini esasy orna geçýär.

Orta asyryň danasy

Gadymy Daşoguz topragy taryhy gymmatlyklara baý mekandyr. Bu ýerde ýetişen köp sanly alymlaryň dünýä ylmyna goşan goşandy uludyr. Olaryň arasynda Horezmi, Biruny, Zamahşary ýaly alymlar has meşhurdyr. Horezm döwletiniň paýtagty bolan häzirki Köneürgenç ylym-bilimiň, medeniýetiň gülläp ösen ýeri hasaplanylýar. Bol suwly Jeýhunyň kenarynda, uly kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşen bu şäher hemişe gelim-gidimli abadan bir ülke hökmünde taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Bu topragyň taryhynda milli buýsanjymyzy artdyrýan köp sanly wakalar bar. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýadaky ilkinji akademiýanyň hut şu ýerde, Köneürgençde bina edilendigidir. Dünýä taryhynda «Mamunyň akademiýasy» ady bilen tanalan bu ylym ojagynda beýik alymlar ylmy-barlag we ýyldyzlaryň hereketine gözegçilik işlerini alyp barypdyrlar. Şol ýerde önjeýli zähmeti bilen adygan, köp sanly ylmy açyşlary bilen tanalan alymlaryň biri hem Abu Reýhan Birunydyr. Ylym derejesini kämilleşdirmek we eserleri ýazmak maksady bilen, dürli yklymlarda zähmet ýoluny geçen Abu Reýhanyň otuz sekiz ýaşynda Horezmiň paýtagty Gürgenje dolanyp barmagy Mamuny örän begendirýär. Mamun ony dessine uly alymlaryň geňeşine goşupdyr. Abu Reýhan emir Mamunyň döwlet işleri boýunça maslahatçysy hem bolupdyr. Syýasy işleriniň köpdügine

Düýäm — dünýäm

Düýe dürli işlerde ulanylmaga bolan ukyby, adamyň erkine ýeňil tabyn bolýandygy, ýolsuz-ýodasyz, suwsuz hem agyr menzillere çydamlydygy, aýratyn idegi talap etmeýän, oňňut etmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Ol ulag we iş maly hökmünde halkymyzyň iň ýakyn ýardamçysy bolupdyr. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýük daşamakda, aragatnaşyk ulagy hökmünde düýeleriň hyzmatyndan giňden peýdalanypdyr. Ýakyn-u-alys menzillere argyşa giden türkmen üçin pagtadan, zygyrdan we ýüpekden dokalan nah, atlaz matalary, bereketli topragymyzda bitýän datly gawun-garpyzlarymyzdan we ir-iýmişlerimizden taýýarlanan kak, sök, kişmiş ýaly datly nygmatlary dünýä çykarmakda düýe iň ygtybarly ulag hasaplanypdyr. Şonuň üçin-de halkymyz düýä «çöl gämisi» diýip at beripdir. Beýik Ýüpek ýolunyň emele gelmegine goňşy we alysda ýerleşýän gadymy döwletleriň arasynda ykdysady, haryt-söwda we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy sebäp bolupdyr. Agyr-agyr kerwenler geçginli harytlary daşamak bilen birlikde, medeniýetleriň ýaýramagyna-da esas döredipdir. Kerwenler diňe bir söwda dolanyşygyny amala aşyrman, eýsem hatlardyr habarlary hem ýaýradypdyrlar. Şonuň üçin-de olar adamzat ýaşaýşynda aýgytly orny eýeläpdirler. Bu ýagdaý halkymyzyň halkara gatnaşyklara işjeň aralaşmagyna, Beýik

Nusaý galalarynyň binagärligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimize, mirasymyza, taryhymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň milli medeniýeti buýsanjymyzdyr. Olar halkymyzyň taryhynyň dürli sahypalarynda özüniň gaýtalanmajak öwüşgüni bilen şöhlelenýär. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň şaýatlarynyň biri hem gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan Nusaý galalarydyr. Bu gadymy gala dünýäniň medeni ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biridir. Onuň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy eziz Diýarymyzyň örän gyzykly we gymmatly sahypalaryny kemala getirýär. Taryhy kitaplaryň sahypalaryndan orun alan Täze we Köne Nusaý galalary häzirki döwürde özüniň meşhurlygyny barha artdyrýar. Gözbaşyny has irki, has takygy antiki döwürlerden alyp gaýdýan Nusaý häzirki Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy döwürde Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr.

Merwe çagyrylan Ymam

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2024-nji ýylda doglan gününiň dabaraly belleniljek 300 ýyllygyna şu günlerden ykjam taýýarlyk görülýän türkmen halkynyň akyldar şahyry, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy käbir goşgularynda 12 ymamy ýatlap geçýär, «Bagyşla bizni» goşgusynda bolsa ymamlary başdan-aýak sanaýar. Şol goşgusynyň bir bendinde: Deň-duşlar ýanynda bir bikemalam, Aşygy Mejnunam, şikeste halam, Synaýy, Horasan, zuwwary — älem, Ýa, ymam Ryzaýa, bagyşla bizni —

Binagärlik sungatynyň merjeni

Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasymyzy, çuňňur öwrenmek hem-de wagyz etmek babatdaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy binalary ýüze çykarmakda we ylmy taýdan öwrenmekde, gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Adamzadyň medeni mirasynyň altyn hazynasyna giren şol taryhy binalaryň, ýadygärlikleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy üçin olary rejelemek we dikeltmek meselesine hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzdaky ýörite taryhy we medeni ýadygärlikleri goraýan döwlet goraghanalary tarapyndan uly tagallalar edilýär. Kerki şäherindäki «Kerki» taryhy we medeni döwlet goraghanasy tarapyndan goralýan, hasaba alnan birnäçe arheologik we binagärlik ýadygärlikleri barada Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologiýa bölüminde gyzykly gürrüň berilýär. Muzeýde Kerki etrabyndaky Astanababa, Alamberdar tugçynyň kümmetleriniň, Halaç etrabyndaky Idris baba medresesiniň, Dänew etrabyndaky Daýahatyn kerwensaraýynyň, Abu-Muslimiň ýadygärlikleriniň kiçi nusgalary we orta asyrlaryň binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlyklary hakynda gürrüň berýän suratly ylmy maglumatlar ýerleşdirilendi. Orta asyrlara degişli bolan bu ýadygärlikler binagärlik sungatynyň ajaýyp gurluş usullaryny özünde sa

Türkmenistan — milli hem-de medeni gymmatlyklaryň mekany

Sungat diýmek — gözellik diýmegi aňladýar. Gözelligiň bar ýerinde bolsa parahatçylyk, ynanyşmak, abadançylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, jebislik, kämillik, ösüş, özgeriş, garasaý, gowulyklar diýlende ýada düşýän ähli zat bar. Çünki bular gözelligi döredýärler. Hut şoňa görä-de, sungatyň sarpalanýan Diýaryny — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýä halklary parahatçylygyň, ynanyşmagyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, kämilligiň, belent ösüşleriň we giň gerimleýin özgerişleriň mekany diýip tanaýarlar. Bu günki günde eziz Diýarymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň sungatyň iň naýbaşy derejesidigini tutuş dünýä ýüzi ykrar etdi. Munuň şeýledigini bolsa, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklary aýdyňlygy bilen delillendirýär. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda bolsa, ýurdumyz ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegini gazanýan Diýarymyzyň dünýä beren gymmatlyklary ÝUNESKO-da özüniň mynasyp ornuny t

Bitik galasy

Ga­dy­my bi­na­gär­çi­lik sun­ga­ty­nyň tä­sin nus­ga­sy

Par­fi­ýa döw­le­ti­niň paý­tag­ty bo­lan Kö­ne Nu­saý ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my özü­niň bi­na­gär­çi­lik nus­ga­sy bi­len beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Dün­ýäniň me­de­ni ösü­şi­niň ga­dy­my ojak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Kö­ne Nu­saý özü­niň ta­ry­hy ýo­lun­da en­çe­me at­la­ra eýe bo­lup­dyr. Bu­lar ba­ra­da ýa­zuw çeş­me­le­rin­de dür­li mag­lu­mat­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Grek-rim aw­tor­la­ry­nyň iş­le­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Hin­dis­tan­da, Eý­ran­da, Kaw­kaz­da, Ki­çi Azi­ýa­da we baş­ga ýer­ler­de bir­nä­çe «Nu­saý» ady­nyň ge­ti­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Or­ta asyr çeş­me­le­rin­de we hä­zir­ki za­man to­po­ni­mi­ka­syn­da Tä­ji­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň «Nu­saý» at­ly bir­nä­çe oba­sy ýat­la­nyp ge­çil­ýär. Ga­dy­my Par­fi­ýa şa­ly­gy­nyň dö­re­den bi­na­gär­çi­lik mi­ra­syn­da­ky bi­na­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da hem bel­le­mek ge­rek. Kö­ne Nu­saý­dan ta­py­lan bi­na­nyň be­zeg bö­lek­le­ri özü­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi we us­sat­ly­gy bo­ýun­ça ta­ryh­çy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bi­

Ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­r

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi örän baý ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry özün­de sak­la­ýar. Ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de tapylan, bü­rünç asy­ry­na de­giş­li bo­lan zäh­met gu­ral­la­ry mu­ze­ýe ge­lýän­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Bu ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar şol dö­wür­de ýa­şa­ýyş-dur­mu­şyň has-da joş­gun­ly bo­lan­dy­gy­na, ata-ba­la­ry­my­zyň ag­zy­bir­lik­de zäh­met çe­ken­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Merw ga­dy­my ta­ry­hy go­rag­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de ýü­ze çy­ka­ry­lan şeý­le zäh­met gu­ral­la­ry­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň ta­ry­hy we ül­kä­ni öw­re­niş mu­ze­ýi­ne tab­şy­ryl­ma­gy bilen mu­ze­ýi­mi­ziň gaz­na­sy­ has hem baý­laş­­dy.