Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi örän baý taryhy gymmatlyklary özünde saklaýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan, bürünç asyryna degişli bolan zähmet gurallary muzeýe gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Bu taryhy gymmatlyklar şol döwürde ýaşaýyş-durmuşyň has-da joşgunly bolandygyna, ata-balarymyzyň agzybirlikde zähmet çekendigine şaýatlyk edýär.
Merw gadymy taryhy goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan şeýle zähmet gurallarynyň Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrylmagy bilen muzeýimiziň gaznasy has hem baýlaşdy.