Beýik Ýüpek ýolunyň köp şahalary we üznüksiz taryhy Türkmenistanyň gadymy taryhy bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu ýoluň ýurdumyzyň çäginden geçen eýýamlary, onuň ýakasyndaky kerwensaraýlardyr duralgalar, söwda-hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.
Kitapda nygtalyşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaşy biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan başlanypdyr. Dünýäniň şol döwrüň medeni-ykdysady ojaklarynyň biri bolan gadymy Hytaýyň merkezi welaýatlaryndan gözbaş alyp gaýdan bu ýol Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarynyň ýurtlaryna, soňra ykdysady we medeni şäher hasaplanan Rime baryp ýetipdir. Bu barada hormatly