Bedewler — ynsan ruhunyň galkynyşy

27 Iýul 2022
1608

Ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda asyrlaryň dowamynda birnäçe edebi we taryhy maglumatlar saklanylyp galypdyr. Orta asyrlarda ýaşap, türkmen bedewiniň harby sungatdaky ornuny dünýä ýaýan türkmen alymy Bedreddin Bektutynyň «Harby sungat» atly eserinde şeýle bir rowaýat getirilýär: «Allatagalla Adam Atany ýere indirenden soň: «Eý, Adam, meniň ýaradan jandarlarymdam isläniňi saýla!» diýeninde, hezreti Adam bedew aty saýlaýar. Allatagalla Adam Ata: «Özüňe bir dost hem saýla!» diýeninde, Adam Ata: «Eý, Perwerdigär, men özüme ulag hem, dost, hem saýladym. Ol meniň neslime hem dost, hem ulag bolar» diýipdir.

Behişdi bedewleriň döreýşi bilen baglanyşykly başga bir rowaýatda şeýle diýilýär: gadymy döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen dag çeşmeleriniň birine atlary suwa ýakmaga getirer ekenler. Atlar suw içip başlanda, suwdan bir ajaýyp at çykýan eken. Soňra baýtallardan örän owadan, güýçli taýçanaklar doglupdyr. Haçan-da türkmenler taýlary eýerläp münenlerinde, olar özlerini asman bilen ýeriň arasynda gaýyp ýören ýaly duýupdyrlar. Bedew at çapyksuwaryň hereketlerini öňünden syzmaga ukyply eken. Munuň özi bedew atlarynyň türkmen halkyna ylahy peşgeş hökmünde berlendiginden habar berýär.

Täjigül MYRADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.