Ene mukaddesliginiň gadymdan gelýän waspy

17 Awgust 2022
1839

Gadymy döwürlerde Gündogaryň ähli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem zenan hudaýyna topragyň, hasyllylygyň, suwuň, öý-ojagyň medetkäri hökmünde togap edilip gelnipdir. Belli taryhçy, etnograf alym Öwez Gündogdyýewiň berýän maglumatyna görä, oturan zenanyň keşbi şekillendirilen iň gadymy heýkeller b.e. öňki VI müňýyllykda, ýagny neolit döwründe ýüze çykypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň arasynda şol wagtdan bäri enäniň keramatlaşdyrylandygyny aýtmaga mümkinçilik berýär.

Gadymy zoorastrizm dininiň mukaddes kitaby bolan «Awestada» Anahita atly zenan hudaýy hasyllylygyň we suwuň hudaýy hökmünde ýatlanylýar. Parfiýa imperiýasynyň ýykylmagy bilen, Türkmenistanyň köp bölegi sasanylar döwletiniň düzümine girýär. Zenan hudaýlarynyň terrokat heýkeljikleriniň köpçülikleýin taýýarlanmasynyň bes edilmegi Sasanylar döwrüne häsiýetlidir. Bu döwürde zenan hudaýlaryna çokunmaklyk belli bir derejede togtaýar. Onuň ýerine otparazçylyk dini esasy orna geçýär.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW,
TOHI-niň mugallym-öwrenijisi.