Ilkinji stepler (berkidiji) XVIII asyrda Fransiýanyň patyşasy Lýudowik XV üçin ýasalýar. Ol stepleri ilkinji bolup ulanan adamdyr. Şol wagtlar stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlanmagy bilen, ol berkidijiler her bir edaralarda hem gerekli enjama öwrülipdir.
1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin ygtyýarnama alypdyr. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girýär. Şoňa çenli ol «berkidiji» diýlip atlandyrylypdyr. 1914-nji ýylda bu enjam ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. 1923-nji ýylda «Boston Wire Stitcher CO» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanyp, ol uly meşhurlyga eýe bolupdyr.