HABARLAR

Orta asyr binagärliginde syrça bezegleri

Günorta Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri Gündogar halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary görkezýän aýdyň subutnamadyr. Orta asyrlarda yslam binagärlik sungatynyň çeperçilik ýörelgesinde has kämil eserler döredilipdir. Ägirt uly desgalaryň gurluşygynda ussalar binalary kämil derejä ýetiripdirler. Bezeliş ýörelgesi näçe kaşaň, çeper bolsa-da, ol bezegler ymaratyň gurluşynyň ýönekeýligini we syrdamlygyny gazanmak üçin ulanylypdyr. Şol döwrüň binagärlik ýadygärliklerinde duş gelýän epigrafik, geometrik nagyşlar bilen sazlaşykda çigildem we beýleki gülleriň çeper nagyşlary sungatyň kämil derejä ýetendiginiň subutnamasydyr. Orta asyr arhitektura ýadygärliklerinde duş gelýän çigildem şekilleri döwrüň binagärlik sungatyndaky ösümlik nagyşlarynyň esasylarynyň biri bolup, asudalygyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylypdyr.

Arheologiýa: döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň taryhynyň, arheologiýasynyň we etnologiýasynyň meselelerini täze esasda düýpli hem-de çuňňur öwrenmek maksady bilen wajyp guramaçylyk işleri amala aşyryldy. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň döredilmegi halkymyzyň köp müňýyllyk taryhyny arheologik nukdaýnazardan öwrenmek işiniň has-da ilerlemegine oňyn täsir etdi. Arheolog-alymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi, ylmy-barlaglary geçirmäge ýöriteleşdirilen awtoulaglar, LEA-S500 köpugurly kiçi barlaghana, JPS we georadar enjamlar, meýdan şertlerinde işlenilende gerek bolýan gurallar bilen üpjün edildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky giň gerimli başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Gadymy ýadygärliklerimizde giňişleýin arheologik barlaglar geçirilip, taryhymyzyň heniz açylmadyk gatlaryny täze maglumatlar bilen doldurmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagy

Gowy adamlar ýatdan çykmaýarlar

Il-ýurduň abadançylygy we asudalygy ugrunda janlaryny aýaman göreşen ildeşlerimiziň, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak milletimiziň kalbynyň arassalygyna, gowy adamlaryň bitiren ajaýyp işleriniň unudylmaýandygyna güwä geçýär. Hatyra güni mynasybetli mekdebimizde geçiren çärämizde hem 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde janlaryny gurban edenler, şeýle hem Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlar barada watançylyk söhbedi guraldy. Watany goramak ugrunda söweşlere gatnaşan ildeşlerimiziň edermenlikleri hakynda guralan söhbet ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Watançylyk söhbedinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň pederi Berdimuhamet Annaýewiň ömri we gahrymançylykly söweş ýoly hakynda hem gyzykly gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hakynda gürrüň berýän «Älem içre at gezer» atly kitabyndan parçalar okaldy. Şol parçalarda zähmetsöýer we işine jogapkärçilik bilen garaýan zehinli mugallymyň we gaýduwsyz esgeriň, halkyna gaýtalanmajak durmuş gözelligine aýawly çemeleşmegi ündeýän, Aşgabat ýertitremesinde wepat bolan Berdimuhamet Annaýewiň keşbi dikeldildi. Güýçli şahsyýet hökmünde onuň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny k

Or­ta asyr­laryň küýze önümleri

Türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy ha­ky­da­sy en­çe­me müň­ýyl­lyk­la­ry içi­ne al­ýan ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri öz goý­nun­da sak­la­ýar. Türk­me­nis­tan­ly we da­şa­ry ýurt­ly ta­ny­mal alym­lar, ar­heo­log­lar şol ta­ry­hy ha­ky­da­nyň syr­la­ry­ny aç­mak üçin ýur­du­my­zyň çä­gin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Şeý­le ta­ry­hy tapyn­dy­la­ryň esas­y­la­ry­nyň bi­ri-de, köp san­ly ýa­dy­gär­lik­ler­den ýü­ze çy­ka­ryl­ýan küý­ze­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry bo­lup dur­ýar. Şol önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň iň naý­ba­şy döw­ri bol­sa or­ta asyr­la­ra ga­bat gel­ýär.

Üzüm — taryhy çeşmelerde

Türkmeniň sahawatly topragynda ösüp ýetişýän dürli ir-iýmişler pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda ykbalyny ene topraga baglap, dürli miweleri ýetişdirendigine şaýatlyk edýär. Geçen asyryň başlarynda, ýagny 1904-nji ýylda amerikan alymy R.Pampelliniň, 1926-njy ýylda dünýä medeni ösümlikleriniň gelip çykyşyny öwrenen akademik N.I.Wawilowyň, meşhur alymlar W.W.Bartoldyň, S.P.Tolstowyň, W.I.Sarianidiniň, M.Ý.Massonyň we beýlekileriň ylmy-barlag işlerinde, şeýle-de orta asyr grek, arap-pars, türk taryhçylarynyň ýazgylarynda türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigi nygtalýar. Taryhy maglumatlara görä, Türkmenistanyň 7-8 müňýyllyk ekerançylyk taryhyny özünde jemleýän Goňurdepe, Damdamçeşme, Jebel, Uzboý, Was, Pessejikdepe, Jeýtun, Göksüýri, Artyk, Altyndepe, Namazgadepe, Änew ýaly gadymy ýerlerinde dürli ekinler bilen bir hatarda datly üzümiň dürli görnüşleri hem ýetişdirilipdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmeniň sahawatly topragynda ýetişýän üzümler hakynda taryhy ýazgylarda getirilýän maglumatlaryň käbirine garap geçeliň.

Mekdep lybasynyň taryhy

Eziz çagalar, ine-de, siziň arzyly ak mekdebe gatnamaly döwrüňiz hem ýetip geldi. Oňa ilkinji gezek gadam basjak körpeje bolsun, uly synp bolsun, tapawudy ýok, olar her ýyl täze okuw ýylyna täze okuw esbaplaryny alyp, ak mekdebiň gapysyndan ätlärler. Gadyrly çagalar, eýsem, siz okuw lybasynyň nädip dörändigini bilýärsiňizmi?

Nalaç baba hakda oýlanyp...

Kalby keramatdan, sahawatdan doly pirleriň mekany bolan türkmen topragyna her demde tagzym etseňem az ýaly duýulýar. Şunuň ýaly misilsiz gudraty duýup, zyýarata meýillenmek her kişiniň süňňüne ýeňillik, kalbyna päklik aralaşdyryp, il –günüňe mähremlik nazary bilen garamaga yhlasyňy artdyrýar. Nalaç baba taryhy ýadygärlikler toplumyna gelen pursadymyz, nurly Günüň tylla öwüşginli çyrazy lemmer–lemmer bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Çigrek howa zyýaratçylaryň janyna hoş ýakýardy. Altyn güýzüň ynsan kalbyny, duýgularyny gozgalaňa salýan pursady bu ýerde baky düýnän nijeme ynsanlar hakynda oýa batýarsyň.

Pyragynyň hormat goýan ussady

Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir. Onuň künýesi Abulhasan, Ryza bolsa lakamydyr. Ol 148-nji hijri ýylynyň zilkagda aýynyň on birine (765-nji ýylyň dekabr aýynyň ýigrimi sekizine) Medinede dünýä inipdir. Halyf Mamun öz dogany Emin aradan çykandan soň, Marydan Arabystana hat ugradyp, hezreti Ryzanyň Medineden Horasana gelmegini soraýar. Haçan-da, Ymam Ryza Mara gelende, halyf Mamun öz gyzy Ummy-Habybany oňa nikalap berýär we ony orunbasary hem-de mirasdüşeri edip belleýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Ymam Ryza 203-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň ahyrynda (818-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda) aradan çykýar. Ol Eýranyň häzirki Maşat şäherinde jaýlanýar. Şonuň üçin Maşat şäheri mukaddes hasaplanýar we her ýylda müňlerçe adam Ymam Ryzanyň gubruna zyýarat edýär. Ymam Ryza elli bäş ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň ýigrimi ýylyny ruhy halypa bolup geçiripdir.

Ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar hem-de ede­bi mi­ra­sy­myz

Türk­men mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­ňur kök­le­rin­den alyp gaýd­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, ede­bi mi­ra­sy­my­za we ta­ry­hyň kök­le­ri­ne ara­laş­dy­gyň­ça, ol özü­niň syr­ly dün­ýä­si­ne ça­gyr­ýar. Ar­heo­log­la­ryň, et­nog­raf­la­ryň, di­ni öw­re­ni­ji­dir ta­ryh­çy­la­ryň, fi­lo­log­la­ryň göz­leg­le­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yla­hy ze­hi­ni siň­di­ri­lip, dür­li öwüş­gin­ler bi­len to­ýun­dan ýa­sa­lyp bi­şi­ri­len dür­li şe­kil­ler, bü­rünç­dir kü­müş­den ýa­sa­lan mö­hür­ler, tu­mar­lar, daş­dan ýo­nu­lyp ýa­sa­lan tä­sin ta­pyn­dy­lar ru­hy me­de­ni­ýe­tiň ösü­şin­dä­ki aja­ýyp­lyk­la­ry şöh­le­len­dir­ýär. Ga­dy­my dö­wür­de se­net­çi us­sa­lar da­şy, me­ta­ly, küm­şi, al­ty­ny iş­läp be­jer­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan go­wy baş çy­ka­ryp, öz hü­nä­ri­ni ne­sil­le­re ge­çi­rip­dir­ler. «Şä­girt ha­ly­pa­dan oz­dur­ma­sa, hü­när ýi­ter» diý­li­şi ýa­ly, wag­tyň geç­me­gi bi­len us­sa­lar ýa­san önüm­le­ri­niň daş­ky gör­nü­şi­ni halk ara­syn­da aý­dyl­ýan ro­wa­

Gadymy suw desgalary

Ençeme wakalaryň şaýady bolan belent başly, kert-kert gaýaly Balkan daglarynyň goýny durşy bilen taryh. Geçmişi öwrenijileriň kesgitlemegine görä, adamzat döräli bäri ýaşaýşyň mekany hasaplanan bu daglaryň degresindäki Jebel gowagy, Dam-dam çeşmesi, Gaýly gowagy ýaly taryhy ýerler özüniň has gadymylygy bilen taryhçylaryň, arheologlaryň, ýer-ýurtlary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Jebel, Gaýly gowaklaryndan ilkidurmuş adamlarynyň iş gurallarynyň, ýaraglarynyň galyndylarynyň tapylyp, alymlar tarapyndan öwrenilmegi bu topragyň ýaşaýşyň ilki dörän ýerleriniň biridigine şaýatlyk edip, mähriban Watanymyza, mukaddes topragymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Balkan daglarynda 1949-1950-nji ýyllarda ylmy işleri geçiren rus alymy, arheolog A.Okladnikow Jebel gowagynda mezolit (orta daş asyry) eýýamynyň gatlaklaryndan başga-da, neolit (täze daş asyry) eýýamyna, bürünç asyryna, şeýle-de mikrolit eýýamyna degişli keramiki önümleriň we süňkden ýasalan birnäçe tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny belläp geçýär. Fransuz taryhçysy Seržan Bernar bolsa bu gowakdan tapylan daşdan sünnälenen iş we aw gurallary, aw awlamak üçin naýzanyň ujuna dakmaga niýetlenen ujy ýiteldilen daşlar, şol döwürde bezeg şaý-sepleri hökmünde ulanylan, bir tarapy endigan de