Pyragynyň hormat goýan ussady

14 Sentýabr 2022
2610

Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir. Onuň künýesi Abulhasan, Ryza bolsa lakamydyr. Ol 148-nji hijri ýylynyň zilkagda aýynyň on birine (765-nji ýylyň dekabr aýynyň ýigrimi sekizine) Medinede dünýä inipdir. Halyf Mamun öz dogany Emin aradan çykandan soň, Marydan Arabystana hat ugradyp, hezreti Ryzanyň Medineden Horasana gelmegini soraýar. Haçan-da, Ymam Ryza Mara gelende, halyf Mamun öz gyzy Ummy-Habybany oňa nikalap berýär we ony orunbasary hem-de mirasdüşeri edip belleýär.

Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Ymam Ryza 203-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň ahyrynda (818-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda) aradan çykýar. Ol Eýranyň häzirki Maşat şäherinde jaýlanýar. Şonuň üçin Maşat şäheri mukaddes hasaplanýar we her ýylda müňlerçe adam Ymam Ryzanyň gubruna zyýarat edýär. Ymam Ryza elli bäş ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň ýigrimi ýylyny ruhy halypa bolup geçiripdir.

Täjigül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.