Kalby keramatdan, sahawatdan doly pirleriň mekany bolan türkmen topragyna her demde tagzym etseňem az ýaly duýulýar. Şunuň ýaly misilsiz gudraty duýup, zyýarata meýillenmek her kişiniň süňňüne ýeňillik, kalbyna päklik aralaşdyryp, il –günüňe mähremlik nazary bilen garamaga yhlasyňy artdyrýar.
Nalaç baba taryhy ýadygärlikler toplumyna gelen pursadymyz, nurly Günüň tylla öwüşginli çyrazy lemmer–lemmer bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Çigrek howa zyýaratçylaryň janyna hoş ýakýardy. Altyn güýzüň ynsan kalbyny, duýgularyny gozgalaňa salýan pursady bu ýerde baky düýnän nijeme ynsanlar hakynda oýa batýarsyň.