Ençeme wakalaryň şaýady bolan belent başly, kert-kert gaýaly Balkan daglarynyň goýny durşy bilen taryh. Geçmişi öwrenijileriň kesgitlemegine görä, adamzat döräli bäri ýaşaýşyň mekany hasaplanan bu daglaryň degresindäki Jebel gowagy, Dam-dam çeşmesi, Gaýly gowagy ýaly taryhy ýerler özüniň has gadymylygy bilen taryhçylaryň, arheologlaryň, ýer-ýurtlary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Jebel, Gaýly gowaklaryndan ilkidurmuş adamlarynyň iş gurallarynyň, ýaraglarynyň galyndylarynyň tapylyp, alymlar tarapyndan öwrenilmegi bu topragyň ýaşaýşyň ilki dörän ýerleriniň biridigine şaýatlyk edip, mähriban Watanymyza, mukaddes topragymyza bolan buýsanjy artdyrýar.
Balkan daglarynda 1949-1950-nji ýyllarda ylmy işleri geçiren rus alymy, arheolog A.Okladnikow Jebel gowagynda mezolit (orta daş asyry) eýýamynyň gatlaklaryndan başga-da, neolit (täze daş asyry) eýýamyna, bürünç asyryna, şeýle-de mikrolit eýýamyna degişli keramiki önümleriň we süňkden ýasalan birnäçe tapyndylaryň ýüze çykarylandygyny belläp geçýär. Fransuz taryhçysy Seržan Bernar bolsa bu gowakdan tapylan daşdan sünnälenen iş we aw gurallary, aw awlamak üçin naýzanyň ujuna dakmaga niýetlenen ujy ýiteldilen daşlar, şol döwürde bezeg şaý-sepleri hökmünde ulanylan, bir tarapy endigan deşilip, ýüpe düzülen balykgulaklar ýaly tapyndylaryň biziň eýýamymyzdan 10 müň — 85 müň ýyl ozalky paleolit (gadymy daş asyry) döwrüne degişlidigini ýazýar.