Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, onuň günorta sebiti hem gadymy arheologik ýadygärliklere baýdyr. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän, Köpetdagy etekläp oturan gadymy we orta asyr Paryzdepe arheologiýa ýadygärligidir.
Paryzdepäniň umumy meýdany 4 gektara barabar bolup, ilkinji gezek professor W.N.Pilipko tarapyndan onuň kartografiýasy düzülýär. Professor W.N.Pilipko Sankt-Peterburgda geçirilen ylmy maslahatda hem Paryzdepeden tapylan bürünç döwrüniň ahyry we irki demir asyrynyň başlaryna degişli tapyndylar barada çykyş edýär. Ol çykyşynda geljekde Paryzdepäniň has giňişleýin öwrenilmegi üçin arheologiýa barlag işleriniň geçirilmelidigine ünsi çekýär.