Türkmen topragynyň taryhy hakydasy ençeme müňýyllyklary içine alýan arheologik ýadygärlikleri öz goýnunda saklaýar. Türkmenistanly we daşary ýurtly tanymal alymlar, arheologlar şol taryhy hakydanyň syrlaryny açmak üçin ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar.
Şeýle taryhy tapyndylaryň esasylarynyň biri-de, köp sanly ýadygärliklerden ýüze çykarylýan küýzegärçilik önümleriniň galyndylary bolup durýar. Şol önümleriň öndürilişiniň iň naýbaşy döwri bolsa orta asyrlara gabat gelýär.