HABARLAR

Ýeňiş ýaranyň bolsun!

Aşgabat şäherindäki 100-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gadam Köşiliýew geljekde halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler gazanmagy maksat edinýän ýaşlaryň biri. Sportuň Welotrek görnüşi bilen gyzyklanýan bu ýetginjek öz arzuwlarynyň yzyna düşüp, 2018-nji ýylda paýtagtymyzyň Köpetdag stadionynda tälim berýän Myrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda türgenleşmäge başlaýar. Türgenleşige ýaňy başlan ýetginjek 2018-nji ýylyň 26-njy awgustynda 40 kilometr aralygy geçmek boýunça geçirilen Aşgabadyň birinjiliginde üçünji orny eýelemegi başardy. Şol ýylyň 27-nji oktýabrynda Welosport boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 15 km aralygy ýekelikde geçmek boýunça ýetginjekleriň arasynda birinji orna mynasyp boldy.

Bedew — ýigidiň myrady

Görogly bege «Gardaş dilemedim, seni diledim» diýdiren, şuňkar guşa deňelen behişdi bedewlerimiz, olaryň ýelden ýüwrük ýyndamlygy bu gün dünýäni haýrana goýýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça geçirilen bäsleşik muňa şaýatlyk edýär. Säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere atly sport janköýerleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

Golaýda paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu ýaryşlara atly sportuň köpsanly janköýerleri bolan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen konkur ýaryşlarynyň nobatdaky tapgyryna türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen gatnaşdylar. Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynda hakyky baýramçylyk joşguny emele geldi. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga olaryň 10-sy hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşan bedewleriň üçüsi deň netije görkezdiler. 1,30 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 8-sinden böküp geçmek boýunça üçünji tapgyr hem diýseň çekeleşikli boldy. Bäsleşigiň jemleri boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazge

Ýaşlaryň erjelligi

Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde giň göwrümli sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çäre «Sagdyn durmuş ýörelgelerine uýup maşk edeliň, bedenimiz taplansyn!» diýlip atlandyryldy. Bilim işgärleriniň, türgenleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň işeňňir agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sport-sagaldyş çäresi beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Oňa ildeşlerimiziň hyjuwly gatnaşmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini alamatlandyrdy. Soňra çärä gatnaşyjylar türgenleşik zallarynda bolup, döwrebap enjamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar, işjeň türgenleşik geçdiler.

Ýaryş güýçlüleri saýlady

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Tejen şäheriniň sport mekdebinde ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ildeşlerimizi sporta çekmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp geçirilen ýaryşa şäheriň sport we medeniýet ulgamynda zähmet çekýän ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Şäheriň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça guralan ýaryşda ýaşlar özaralarynda gyzykly bäsleşikleri alyp bardylar. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda toparlaryň her biri ýeňiş gazanmak ugrunda ukyp-başarnygyny, erjelligini görkezdi.

Dem alyş ulgamynyň kesellerinde peýdaly maşklar

Gan we limfa aýlanyşygyny işjeňleşdirýän bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy adamda kadaly dem alşy ýola goýup, dürli gaýra üzülmeleriň öňüni alýar, bedeni fiziki agram salmalara taýýarlaýar, nerw-psihiki hem-de umumy ýagdaýyny gowulandyrýar. Bu bejeriş-bedenterbiýe maşklar toplumy: • kesellerden soňky dikeldiş döwründe, has-da dem alyş ulgamynyň kesellerinde;• öň işjeňligi peselen alweollaryň, öýkeniň, bronhlaryň dokumalarynyň gan we limfa aýlanyşygynyň gowulanmagyna;• dem alyş hereketine gatnaşýan myşsalar toparynyň işjeňleşmegine;• dem alyş ulgamy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni almakda has-da peýdalydyr.

Atçylyk sporty we saglyk

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde atly gezelençleri gurnamak üçin taryhy ýadygärlikler, özboluşly ajaýyp türkmen tebigaty, aýratyn-da, köpsanly gamyşgulak bedewlerimiz bardyr. Sportuň bir görnüşi hökmünde ykrar edilen at münmek boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Milli mirasymyzyň meşhur lukmany Abu Aly ibn Sina at münmegiň tutuş bedeni işjeňleşdirýändigi barada belläp geçipdir. Alym Selsiý bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir. ХХI asyrda alymlar ýokary derejede duş gelýän emosional dartgynlyklary we stres ýagdaýlary at münmek bilen aýryp bolýandygyny subut etdiler. Atçylyk sportunyň saglyk üçin peýdaly taraplary:

Çekeleşikli ýaryşlar

Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan etrabyň türgenleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýakynda etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryşlar hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ýaryşa ýaş türgenlerden ybarat bolan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýeňil atletika ýaryşyna «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Gala» toparlary has-da işjeň gatnaşdylar. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary üstün çykdy. Toparyň üstünliginde Ýusup Sapardurdyýewiň, Nurgeldi Nurgeldiýewiň goşandy uly boldy.

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan netijeli işler, türgenlerimiziň iri halkara sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär. Ynsan saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän milli Liderimiziň bimöçber aladasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän tutumly maksatlar berk bedenli nesilleriň kemala gelmegini, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Milli Liderimiziň adam hakdaky aladalaryndan gözbaş alýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşmagyna itergi berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyny, saglygyny berkitmegini ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde aýratyn üns berýär. Munuň özi Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden rowaçlanmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.